Soňky iki aýyň dowamynda ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan aşgabatly sürüjileriň hem-de welaýatlardan Aşgabada gelýän sürüjileriň dürli kynçylyklara sezewar edilýändigi aýdylýar.
Welaýatlardan Aşgabada gelýän sürüjiler şähere goýberilmän, Aşgabadyň üç tarapyndaky derwezelerden aňyrda gurlan awtoduralgalarda awtoulaglaryny goýup, şähere taksilerde gaýtmaly bolýandyklaryny,munuň bolsa maşgala üçin artykmaç çykdajylara getirýändigini paýtagta gelýän myhmanlardan eşitse bolýar.
Lebap welaýatyndan Aşgabada gezelenje gelen Bagtyýaryň aýtmagyna görä, baryp Gäwers etrabynyň çäginde gurlan awtoduralgada awtoulagny goýup, şähere gaýtmaly bolupdyr. Ol Lebapdan alyp gelen gök önümlerini öz awtoulagyndan düşürip, taksä ýüklemeli bolupdyr.
Gäwersde gurlan awtoduralga şäher awtobuslary barmaýan ekeni, ýöne ol ýere döwlete degişli sary taksileriň barýandygyny Bagtyýar aýdýar.
“Üç adam bolup täkside Aşgabada gaýtdyk, her adam başyna 10 manat, ýükümiz üçin hem 10 manat soradylar. Başga çykalga bolmansoň, aýdylany berip şähere geldik. Lebapdan Aşgabada gelýänçäk maşynyň benzini üçin seýleräk mukdarda pul çykardyk. Emma Aşgabada sähel menzil galanda, ýene-de şol mukdardaky puly çykarmaly bolduk” diýip, Bagtyýar aýdýar.
“Şäherde ýaşaýan sürüjileriň başyna getirilýän oýunlar has çökder” diýip, aşgabatly sürüji, 35 ýaşy işçi Serdar söhbetdeşlige goşulýar.
“Awtoulagym bilen işe gatnaýardym. Emma soňky bir aýyň dowamynda ýol-gözegçilik gullugynyň işgärleri meni saklap, iki gezek jerime saldylar.
Birinji gezekde 100 manat jerime töledim, ikinji gezekde 200 manat jerime töledim. Jerimäni näme üçin töleýändigime doly düşünmän galdym. Aşgabadyň gaýrasyndaky ‘Altyn asyr’ bazarynyň golaýynda meni ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri sakladylar. Men özümiň ýol hereketiniň düzgünlerini bozmandygymy, awtoulagymyň tehniki taýdan guratdygyny subut etjek boldum, ýöne meni diňlemän, elimden sürüjilik şahadatnamamy alyp, jerime kwitansiýasyny elime berdiler.
Edil şol wagt gaharym depäme çykyp, bir bolmaz işiň bolaryndan özümi saklamaga çalyşdym. Ertesi jerimäni tölemäge şäheriň döwlet awtoinspeksiýasyna baranymda, öz sürüjilik şahadatnamamyň Akbugdaý etrap ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan alnandygyny eşidip galdym.
‘Akbugdaý etrap ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan poçta üsti bilen siziň dokumentleriňiz bize 10 günde geler, şonda gelip jerimäňizi töläp, sürüjilik şahadatnamaňyzy alarsyňyz’ diýdiler. Bularyň edýän oýunlaryna çydamakdan başga edip biljek zadyň ýok. Şondan bäri haýyş edip, awtoulagmy Çoganlyda ýaşaýan bir garyndaşymyzyň howlusynda goýýaryn” diýip, sürüji aýdýar.
Degişli makalalar
Iň köp okalan
1