Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Aziada müňlerçe adamy öýsüz-öwzarsyz goýdy'

Türkmen häkimiýetleri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçjek oýunlara görülýän taýýarlyklaryň çäginde, paýtagtyň ýaşaýjylaryny öýlerinden zor bilen çykaryp, olara degişli kompensasiýa bermezden jaýlaryny hem ýer-ýegsan etdiler, diýip “Human Rights Watch” guramasynyň we “Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasynyň” bilelikdäki hasabatynda aýdylýar.

Duşenbe güni ýaýradylan hasabatda türkmen hökümetiniň 17-27-nji sentýabr aralygynda geçjek oýunlar bilen baglylykda, Aşgabadyň durkuny bir sydyrgyn keşbe getirmek üçin, ýaşaýjylaryň goşmaça otaglaryny, ýagny ilat arasynda aýdylyşy ýaly “pristroýkalaryny” hem ýumrup, ilatyň bu hereketlere kazyýetde arz etmek mümkinçiliklerini-de çäklendirendigine üns çekilýär.

Türkmenistan awtoritar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda geçirilýän bu oýunlaryň üsti bilen, özüni regional sport merkezi hökmünde görkezmegi meýil edinýär.

XS
SM
MD
LG