Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow şertleri üýtgetmän, pagtaçylaryň bol hasyl aljagyna ynam bildirdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow pagta mevdanynda. Arhiw suraty.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow pagta mevdanynda. Arhiw suraty.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni ýurduň pagtaçylaryna “ak pata” berip, olaryň bu ýyl uly zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryna “berk ynam” bildirdi.

Bu ynam prezidentiň soňky aýlarda ýurduň agrosenagat pudagyny yzygiderli tankytlamagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistan bu ýyl 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny ýygnamagy planlaşdyrýar, emma synçylaryň köpüsi şertler üýtgemese, başga netijä garaşmak manysyz diýen pikirde.

Prezident Berdimuhamedowyň anna güni geçirilen hökümet maslahatynda beren ak patasyna görä, pagta ýygym möwsümi 30-njy awgustda, ilki Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda başlanar, ýurduň demirgazyk welaýaty bolan Daşoguzdaky pagtaçylar bolsa ýygyma 6-njy sentýabrda başlarlar.

Pagta ýygymyna köpçülikleýin başlanmagy 23-nji awgustda başlanan bugdaý ekişiniň yz ýanyna gabat gelýär. Türkmenistan bu ýyl planlaşdyrylan 1 million 600 müň tonna bugdaýyň diňe 1 million tonna çemesini ýygnady.

Adat bolşy ýaly, Türkmenistanda ekişe we hasyl ýygnamaga ilki prezident tarapyndan ak pata berilýär, soň welaýatlarda ýaşulularyň gatnaşmagynda ekiş ýa orak, ýygym dabaralary gurnalýar.

Berdimuhamedow soňky döwürde ýurduň agrosenagat pudagyndaky işleriň netijeliligini yzygiderli tankyt edýär. Golaýda ol bu ugra gözegçilik edýän wise-premýeri çalşyrdy, welaýat häkimlerine döwlete galla tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň dolunmandygy sebäpli käýinç yglan etdi.

Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndan bäri ýurduň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmäge çalyşýar, emma soňky döwürde ilatyň sarp etjek gallasyny öndürmek planlarynyň ýerine ýetmeýändigi, öndürilýän bugdaýyň hiliniň pesdigi prezident derejesinde boýun alynýar.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugatyň berýän maglumatlarynda bir tarapdan azyk bolçulygynyň döredilendigi gaýtalanýar, ikinji tarapdan daşardan azyklyk bugdaýyň satyn alynýandygy aýdylýar.

Bu ýagdaý pagtaçylyga hem degişli. Geçen ýyl ýurtda pagta ýygym kampaniýasy mahalynda artdyryp ýazmalara baş goşan resmileriň ençemesiniň tutulandygy barada habarlar ýaýrady we hökümet mejlisinde baş prokuroryň galla we pagta ýygym kampaniýalary babatda geçirilen barlaglar baradaky hasabaty diňlendi.

Ýerli synçylaryň, Azatlyk radiosynyň ýerli habarçylaryna interwiýu berýän kärendeçileriň sözlerine görä, Türkmenistanda oba hojalyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmezligi we ýurduň bazarlarynyň daşardan getirilýän azyk, senagat harytlaryna garaşlylygynyň köpelmegi ykdysady azatlygyň yzygiderli çäklendirilmegi, sowet döwründen gelýän mejbury zähmetiň saklanyp galmagy bilen bagly.

Hökümetiň tankytçylaryndan tapawutlylykda, prezident Berdimuhamedow ýurtda daýhanlaryň netijeli işlemegi, önüm bolçulygynyň döredilmegi üçin ähli şert bar diýip hasaplaýar we ol bu ynanjyny anna güni, hökümet mejlisinde eden çykyşynda hem gaýtalady.

“Edermen pagtaçylarymyz şu ýyl hem milli baýlygymyz bolan “ak altynyň” bol hasylyny hem ýygnap, uly zähmet üstünliklerini hem gazanjakdyklaryna men esasy berk ynanýaryn” diýip, Berdimuhamedowyň aýdan sözleri telewideniýede eşitdirildi.

Ýöne resmi habarda bu ynamyň nämä esaslanýandygy, ýagny bu ýyl pagtaçylaryň iş şertlerinde nähili üýtgeşiklik bolandygy aýdyňlaşdyrylmaýr.

Şol bir wagtda TDH döwlet baştutanynyň wise-premýerler E.Orazgeldiýewiň hem-de M.Aýdogdyýewiň ünsüni “ýer eýelerini mineral dökünler bilen doly üpjün etmek meselesine” çekendigini belleýär.

Berdimuhamedow biraz öň “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygyna dökün ýetmezçiligi sebäpli käýinç berip, Azatlyga interwiýu berýän daýhanlaryň dökün ýetmezligi baradaky zeýrençlerini tassyk etdi.

Ýöne daýhanlar diňe dökün däl, tehnika, suw ýetmezçiliginden hem zeýrenýärler. Şeýle-de olar esasan ykdysady azatlygyň ýokdugyny, ýere, suwa, ekjek ekinlerine, haçan we näme ekmelidigine, öndüren önümlerine ygtyýar berilmeýändigini, daýhançylykda gazanjyň maşgala eklärden juda azdygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda ençeme egirme-dokma fabrigi guruldy. Emma ýurtda öndürilýän pagtanyň möçberi, öňki prezident S.Nyýazowyň boýun almagyna, ýerli fabrikler üçin hem ýeterlik bolmaýar. Nyýazow bu ýagdaýyň sebäbini ýeriň hakyky eýesiniň tapylmazlygyndan gördi.

2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelen Berdimuhamedow başda oba adamlarynyň, daýhanlaryň meselelerini ymykly çözmegi wada berdi, emma synçylar wada berlen reformalaryň gury söz bolup galandygyny aýdýarlar.

Mundanam başga, Aşgabat mejbury zähmeti, çaga zähmetini ulanmakda, býujet edaralarynyň işgärlerini pagta ýygymyna sürüp, mejbury işletmekde tankyt edilýär.

XS
SM
MD
LG