Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda okuw kitaplarynyň ýiti ýetmezçilik edýändigi aýdylýar


Türkmenabat. Köçede satuwa çykarylan okuw kitaplary
Türkmenabat. Köçede satuwa çykarylan okuw kitaplary

Türkmenistanyň döwlet neşirýat gullugynyň başlygy Akmyrat Hudaýberdiýewe käýinç yglan edildi.

TDH-nyň 15-nji awgustda beren maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu käýinji oňa “gulluk borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmändigi, garamagyndaky edaralaryň we kärhanalaryň işine gözegçiligi gowşadanlygy üçin” beripdir.

Resmi habarda bu käýinjiň sebäpleri barada şundan artyk maglumat berilmeýär. Ikinji tarapdan, hökümet mejlislerinde ýurtdaky kitap-neşir işleriniň derejesi, hususan-da okuw kitaplarynyň çap edilişiniň depgini guwandyryjy sanlar aýdylýar.

Azatlyk radiosy döwlet neşirýat gullugynyň başlygyna berlen käýinjiň ahtimal sebäpleri bilen gyzyklanyp, ýerli synçy Amanmyrat Bugýaewe telefon etdi.

Türkmenistanda okuw kitaplarynyň ýiti ýetmezçilik edýändigi aýdylýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:25 0:00

XS
SM
MD
LG