Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli oligarhyň kömekçisi Tramp kiçiniň kampaniýa döwründe geçiren duşuşygyna gatnaşdy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp we asly azerbeýjanly ors oligarhy Aras Agalarow. 2013-nji ýyl
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp we asly azerbeýjanly ors oligarhy Aras Agalarow. 2013-nji ýyl

Geçen ýyl prezidentlik saýlaw kampaniýalary geçirilýän döwründe Trampyň oglunyň orslar bilen geçiren duşuşygyna, bir döwür Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp bilen hyzmatdaşlyk eden russiýaly milliarderiň bir işgäri hem sekizinji adam hökmünde ýygnaga gatnaşypdyr diýip, media serişdeleri 18-nji iýulda habar berdi.

Donald Tramp kiçiniň 2016-njy ýylyň iýun aýynda Nýu-Ýorkdaky “Tramp diňinde” russiýaly aklawçy Nataliýa Weselnitskaýa bilen geçiren duşuşygyna asly azerbeýjanly ors oligarhy Aras Agalarowa işleýän Ike Kaweladze gatnaşdy diýip, “Washington Post”, “Reuters”, “AP” we “CNN” neşirleri Agalarowyň adwokaty Skot Balbere salgylanyp habar berdi.

Kaweladze ýygnaga Agalarowyň we onuň ogly Eminiň adyndan gatnaşdy diýip, Balber media serişdelerine gürrüň berdi. Ataly-ogul Agalarowlar “Miss Universe” gözellik bäsleşigini 2013-nji ýylda Moskwada geçirmek üçin Tramp bilen hyzmatdaşlyk edipdi. Tramp kiçi bilen geçiriljek duşuşyk Trampyň demokrat garşydaşy Hillari Klintona zyýan ýetirjek maglumatlary wada berer diýilýän elektron hatlarda Agalarowlaryň atlary agzalýar.

Kaweladze internetdäki onlaýn profilleriniň birinde özüni Aras Agalarowyň düýbi Moskwada ýerleşýän “Crocus Group” firmasynyň wise-prezidenti diýip görkezýär. Başga bir “LinkedIn profil” sahypasynda ol, agzalýan kompaniýanyň salgyt işlerine gözegçilik edendigini aýdýar.

Balber media serişdelerine beren gürrüňinde, Adalat departamentiniň Ýörite prokurory Robert Mýulleriň edarasyndan Kaweladze barada özi bilen habarlaşylandygyny we özüniň-de, Irakly Kawaladze adyny hem göterýän, Kaweladzeniň-de alnyp barylýan derňewler boýunça hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy.

Mýuller 2016-njy ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda Trampyň kampaniýasy bilen Russiýanyň arasyndaky ahmal galtaşyklary derňemek üçin işe bellenipdi.

Russiýa meselesini derňeýän Senatyň aňtaw komitetinden baýry demokrat, “Tramp diňinde” geçirilen duşuşyga Kaweladzeniň gatnaşandygyny görkezýän maglumatlaryň şeýle uzak wagtda ýüze çykmagy howsalaly ýagdaý diýdi.

Senator Mark Warner: “Tramp maşgalasy agzalýan duşuşyk boýunça hemme zady aýdanok” diýip, Kaweladzeniň geçmişde orsýetli biznesmen üçin pul ýuwmak işlerini ýola goýandygyny hem belledi.

Warner: “Delaweýrde müňlerçe galp hasap açan adamyň ýygnaga hakykatdanam rus çagalaryny ogullyk (gyzlyk) edinmek meselelerini maslahatlaşmak üçin gelendigine şübheli garaýaryn” diýdi.

Tramp kiçi özüne rus hökümetiniň aklawçysy tarapyndan Klinton barada negatiw maglumatlar wada berlensoň olar bilen duşuşyk gurnapdy. Elektron hatlarda Tramp kiçi prezidentlik kampaniýalary üçin aýratyn ähmiýetli döwürde, şeýle maglumatlary almaga höwesjeňligini görkezýär.

Ýygnaga Trampyň giýewsi Järed Kuşner, kampaniýanyň şol wagtky başlygy Pol Manafort, publisist Rob Goldston, tanymal rus-amerikan lobbisti we ozalky Sowet harby güýçleriniň ofiseri Rinat Ahmetşin dagylar hem gatnaşypdy.

Pop aýdymçysy Emin Agalarowyň mahabatçysy Goldston Tramp kiçä Weselnitskaýada Klintona zyýan ýetirjek maglumatlaryň bolmagynyň ahmaldygyny we onuň maglumatlary paýlaşyp biljekdigini aýdansoň Tramp kiçi duşuşyk meýilleşdirýär.

Agzalýan duşuşyk paş edilensoň, Tramp kiçi Weselnitskaýanyň beren maglumatynyň peýdasyz bolandygyny we duşuşygyň Trampyň kampaniýanysynyň bähbitlerine peýda getirmändigini aýtdy. Onuň kakasy hem ýagdaýa şeýle baha berýändigini ýaňzytdy.

Weselnitskaýa özüniň rus hökümetine işleýändigini ret edýär. Ol ýygnagyň rus-amerikan çaga edinmek syýasatlaryna we sanksiýa kanunlaryna bagyşlanandygyny aýdýar.

Kaweladze 2004-nji ýylda “Crocus Croup” kompaniýasynyň wise-prezidentligine bellenilýär. Ol öz gazanan üstünlikleriniň arasynda Agalarowyň Wladiwostogyň golaýynda gurduran 70 sany kollež binalar toplumyny öz içine alýan Russiýanyň Uzak gündogar federal uniwersitetiniň gurluşygyna gatnaşandygyny belleýär. Bu barada onuň internet profilinde agzalýar.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 2012-nji ýylda agzalýan binalar toplumynyň açylyşyna gatnaşdy we aradan bir ýyl geçensoň, Agalarowy “Hormatly at” bilen sylaglady.

2000-nji ýylda “New York Times” neşiri Irakly Kaweladzeni halkara pul ýuwmak işleriniň araçysy hökmünde agzaýar. Onuň orsýetli we günorta ýewropaly müşderilerine 2 müňdenem gowrak araçy korporasiýalaryň üsti bilen 1.4 milliard amerikan dollaryna babara pul serişdesini geçirip berendigi aýdylýar. Agzalýan hasaplar şonda Nýu-Ýorkdaky “Citibankda” we San Fransiskonyň Söwda bankynda açylypdyr.

Gürrüňi edilýän pul ýuwmak operasiýalary Birleşen Ştatlaryň Baş hasapçy edarasy tarapyndan derňelipdi. Kaweladze “The Times” neşirine beren gürrüňinde Baş hasapçy edarasynyň alyp barýan derňewlerini “jadygöý awçylygy” atlandyryp, özüniň hiç hili jenaýatçylyga baş goşmandygyny aýtdy.

Miçiganyň öňki senatory Karl Lewin Kaweladzeniň mysalynyň, daşary ýurtlularyň Birleşen Ştatlarda öz eýesini äşgär etmeýän we amerikan banklarynyň üsti bilen pul ýuwýan amerikan korporasiýalaryny nähili esaslandyrandygyny görkezýän “görkezme esbap” diýdi.

2000-nji ýylda Lewin araçy korporasiýalaryň pul ýuwmakda ulanylýandygy barada Baş buhgalteriýa edarasynyň derňew geçirmegini haýyş edipdi.

“The Times” neşiri Kaweladzeniň 1960-njy ýylda Gruziýa Sowet Respublikasynda doglandygyny we Moskwanyň Finans akademiýasynda ýokary bilimi tamamlandygyny habar berýär. Ýokary bilimi baradaky maglumat Kaweladzeniň LinkedIn we beýleki internet sahypalarynda-da agzalýar.

XS
SM
MD
LG