Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen žurnalisti iki ýyl bäri gözenegiň aňyrsynda saklanylýar


Türkmen žurnalisti Saparmämmet Nepesgulyýyew
Türkmen žurnalisti Saparmämmet Nepesgulyýyew

Türkmen žurnalisti Saparmämmet Nepesgulyýyewiň türkmen türmesinde ýitirim bolanyna iki ýyl doldy. Ol daşlykdaky bir türmede – adam hukuklaryny goraýjy toparlary we BMG tarapyndan syýasy matlaplydygy aýdylýan aýyplamalar bilen – türme tussaglygyny çekýär.

“Saparmämmet özüniň žurnalistiki işi üçin jezalandyrylýar” diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidentiň Tomas Kent aýtdy.

“Onuň sud diňlenişigi aklawçysyz we jemgyýetçilige açyk däl bir görnüşde geçdi. Biz oňa ýöňkelýän aýyplamalaryň dolulygyna galpdygyna ynanýarys. Ol dessine azatlyga goýberilmelidir” diýip, Tomas Kent sözüne goşdy.

Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” şäherinde ýitirim boldy. Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň 31-nji awgustynda ýapyk bir görnüşde geçirilen sud diňlenişiginden öň, doly izolirlenen görnüşde saklanylypdy. Türkmen sudy ony bikanun neşe serişdeleriniň gaçakçylygynda günäli tapdy. Halkara hukuk goraýjy toparlary Nepesgulyýewe ýöňkelen günäleriň onuň žurnalistiki işi üçin ar almak maksady bilen “toslanyp düzülendigini” aýtdylar.

2015-nji ýylyň dekabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Eden-etdilikli tussag edilmelere garşy iş topary Nepesgulyýewiň tussaglygyny “eden-etdilikli” diýip yglan etdi.

2016-njy ýylyň iýulynda Birleşen Ştatlaryň kongressmeni we Kaukaz Media Azatlygy öýüniň ikinji başlygy Adam B. Şiff amerikan kongressmenleriniň türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Nepesgulyýewiň derhal türmeden boşadylmagyna çagyryş edýän ýüzlenmesine ýolbaşçylyk edip, Nepesgulyýewiň tussag edilmegini “bikanun” diýip atlandyrdy.

Mundanam başga, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy we başga-da 12 sany media we adam hukuklaryny gorap çykyş edýän guramalar prezident Berdimuhamedowyň adyna hat ýazyp, “Nepesgulyýewiň bikanun tussaglygyny bes etmäge” we onuň derhal türmeden boşadylmagyna çagyryş etdiler.

Nepesgulyýew ýurduň günbatar regionynda sandan çykan infrastruktura desgalary, maliýe kynçylyklary, ykdysady deňsizlik we mekdeplerdäki agyr şertler barada maglumatlary taýýarlady. Onuň tussag edilmegi türkmen hökümetiniň Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylaryna garşy alyp barýan kampaniýasynyň çägindäki bir ädime çalym edýär. 2014-2015-nji ýyllar aralygynda habarçylara we olaryň maşgala agzalaryna gönükdirilip edilen basyşlar zerarly, Türkmen gullugynyň alty habarçysy öz işini taşlamaga mejbur edildi.

Mundanam başga, 2016-njy ýylyň noýabrynda Azatlyk Radiosynyň baýry habarçysy Soltan Açylowa – onuň žurnalistiki işi üçin – bir aýyň dowamynda üç gezek hüjüme duçar boldy. Şol aýyň dowamynda, Azatlyk Radiosynyň başga bir habarçysy – Röwşen Ýazmuhammedowa 2013-nji ýylda berlen şertleýin tussaglygy bilen basyş edildi. 2016-njy ýylyň dekabrynda Azatlyk Radiosynyň ýene bir habarçysy – Hudaýberdi Allaşow Daşoguzdaky ýagdaýlar barada ençeme maglumat taýýarlandan soň, tussag edilip, agyr ýenjildi. Hudaýberdä we onuň ejesine nas serişdesiniň bikanun dolanyşygy bilen baglylykdaky aýyplamalar üçin, üç ýyl şertleýin türme tussaglygy berildi.

ABŞ, ÝHHG we media azatlygyny gorap çykyş edýän guramalar türkmen hökümetiniň žurnalistleri yzarlamagyna aladalanma bildirdiler.

Türkmenistan “Freedom House” guramasynyň Media azatlygy baradaky 2017-nji ýylda ýaýradan hasabatynda iň aşaky, Demirgazyk Koreýa bilen bir orunda ýerleşdirildi.

Türkmenistandaky syýasy ýagdaýlar sebäpli AÝ/AR-nyň Türkmen gullugynyň ýurduň içinde hereket edýän ofis edarasy ýok. Ýöne bu gulluk ýurduň döwlet kontrollygyndaky mediasyna türkmen dilindäki ýeke-täk alternatiwa hökmünde, ýerli çeşmeleriň berýän maglumatlary esasynda işleýär. 2016-njy ýylda Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň websaýtyna her aýda ortaça 440 müň adam girdi we 800 müň gezek sahypa tomaşa edildi. Azatlyk Radiosyny Facebookda 174 müň yzarlaýjysy bar.

XS
SM
MD
LG