Türkmenistan BMG-nyň Adam hukuklary geňeşiniň Ženewadaky 35-nji sessiýasynda aýallaryň hukuklary boýunça kabul eden kararlarynyň birnäçesiniň egindeş awtory boldy.
Türkmen DIM-niň websaýtynda aýdylmagyna görä, 6-23-nji iýun aralygynda geçirilen sessiýa netijesinde gatnaşyjy döwletler tarapyndan birnäçe dokument, şol sanda Aziýa we Ýuwaş okean sebitiniň ýurtlarynyň toparynyň adyndan “Aýallara we gyzlara garşy edilen zorluklaryň bahasy” atly bilelikdäki beýannama, Baş Assambleýanyň “Her bir gyzyň bilim almak hukugynyň deňligi” atly karary kabul edildi.
Azatlyk radiosy Türkmenistanda aýallara garşy zorluga iş ýüzünde nähili çemeleşilýändigi bilen gyzyklanyp, ýerli žurnalist Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy.