Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Aziada sebäpli 5 aý bäri aýlyklar berilmeýär"


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dürli ministrlikleriň, welaýatdyr etrap häkimlikleri ýaly döwlet edaralarynyň işlerini edýän hususy kiçi kärhanalaryň ýerine ýetiren işleriniň tölegleriniň tölenmeýändigi habar berilýär. Kiçi kärhanalara tölenmeli şeýle pullaryň paýtagt Aşgabatda geçiriljek Aziýada oýunlary sebäpli saklanýandygy aýdylypdyr.

Adynyň efirde agzalmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosyna ýüz tutan Lebap welaýatynyň käbir ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, Türkmenabat şäheriniň Seýitnazar Seýdi adyndaky pedagogik institutynyň Türkmen dili we edebiýaty fakultetine degişli bolan owalky jaýy Hünär öwrediş okuw jaýyna berlip, ol ýerde hem 6 adamdan ybarat bolan tölegli ýörite kiçi tikinçilik önümçülik topary döredilýär.

Aýdylşyna görä, ol tikinçilik topary Türkmenistanyň Azyk senagaty ministrligine degişli bolan paýdarlar jemgyýetiniň firmadyr edaralary bilen iş şertnamasy baglaşypdyrlar. Ondan daşaryn olara okuw jaýlaryna, mekdeplere we çagalar baglary bilen bilelikde keselhanalara hem ýörite eginbaşlar tikip bermeli edilipdir.

Olaryň aýtmagyna görä, tikinçilik toparynda işleýänlere eýýäm 5 aýdan bäri aýlyk tölenmeýär. Degişli ýolbaşçylar bolsa olara aýlyklaryň näme sebäpden tölenmeýändigini: "Aziada sebäpli tölegler berilmeýär. Aziada gutaran güniniň ertiri siziň ähli pullaryňyz tölener, garaýşyň" görnüşinde düşündiriş beripdirler.

Bäş aýdan bäri iş hakyny alyp bilmeýän işgärler bolsa, maşgalalaryna gerek bolan iýmitleri we beýleki ätiýaçlyklary dükanlara karzyna nesýe görnüşinde ýazdyryp alýandygyny aýdýarlar.

Efirde adynyň tutulmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan, welaýat we etrap häkimlikleri bilen bir hatarda dürli döwlet edaralarynyň işlerini ýerine ýetirýän 20-30 işgärli iki sany kiçi tekstil kärhananyň indi eýýäm 5 aýdan bäri ýaňky tikinçilik toparynda bolşy ýaly, eden işleriniň töleglerini hökümetden alyp bilmeýändigini aýdýar.

Kiçi tekstil kärhanasynda işleri häzirlikçe togtadandygyny aýdýan ol işewürleriň biri: "Meniň özüm ykdysadyýet boýunça ýokary bilimli we daşary ýurtda okadym. Daşary ýurtlarda kiçi we orta göwrümli kärhanalar ykdysadyýetiň esasy diregi hasaplanýar we hökümetler olary goldap durýar. Türkmenistanda bolsa häzir ýurtdaky kiçi hem orta göwrümli kärhanalar çökerilýär, ýagny Aşgabat öz köküne palta urmagy dowam edýär. Aziada oýunlarynyň, belki, käbir peýdasy bardyr, ýöne onuň Türkmenistana we halkyna peýdasy ýurtdaky biziň ýaly kiçi kärhanalarça ýokdur.

Ýurduň ykdysadyýetine esasy itergini berýän biziňki ýaly kiçi we orta göwrümli önümçülik kärhanalary, olara döwlet buýurlarynyň pullary tölenmese işläp bilmeýärler we käbirleri eýýäm kärhanasyny dolulygyna ýapmaga mejbur edildi.

Ýurtda önümçülik bolmasa çörek hem bolmaz, ykdysadyýetem. Gaýrat edip, biziň şu haýyşymyzy halk köpçüligine ýetirseňiz we degişli ýolbaşçylar eşidip, Türkmenistanda önümçilige berilýän zyýanyň öňüni alsalar" diýip, Azatlyk Radiosy bilen öz tejribelerini paýlaşýar.

XS
SM
MD
LG