Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-owgan serhedindäki erbet ýagdaýlar has-da ýaramazlaşýar


Jöwüzjan welaýatynyň üç etraby Türkmenistan bilen araçäkleşýär. Illýustrasiýa suraty
Jöwüzjan welaýatynyň üç etraby Türkmenistan bilen araçäkleşýär. Illýustrasiýa suraty

20-nji iýunda “Yslam döwleti” (YD) ekstremist topary Owganystanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Jöwüzjan welaýatynyň Darzap etrabyny basyp alandygyny öňe sürdi.

Beýleki toparlar ‘YD-yň’ etraby doly öz eýeçiligine geçirendigi bilen ylalaşmaýar, ýöne bu ýerde aýratyn bellemeli ýagdaý, ýagny ‘YD’ ilkinji gezek demirgazyk-günbatar Owganystanda bir etraby basyp alandygyny öňe sürdi.

Bu ýagdaý Jöwüzjan welaýatynda howpsuzlygyň ýaramazlaşýandygyny alamatlandyrýar. Peýda bolýan habarlar diňe bir owgan hökümeti üçin däl, eýsem Jöwüzjan welaýaty bilen araçäkleşýän Türkmenistan üçin hem oňlarlykly habar däl.

21-nji iýunda Jöwüzjan welaýatynyň polisiýa bölüminiň başlygy Rahmatulla Türkistany Azatlyk Radiosyna: “Daeş [‘YD’] etraby dolulygyna basyp almady” diýdi.

Şeýle-de Türkistani: “Harby obýektler hökümet güýçleriniň gözegçiliginde galýar. Biz Darzaba goşmaça güýçleri ugradýarys” diýdi.

Özüniň Owganystanyň “Tolo News” habar gullugyna beren başga bir interwýusynda Türkistani ‘YD-yň’ Darzapda diňe bir hökümet güýçleriniň üstüne howp bolup abanmaýandygyny aýtdy. Ol: “Eýsem, hökümet güýçleri bilen bir hatarda hökümetiň tarapyndaky “ýerli ýaşaýjylardan” düzülen güýçler hem etrabyň demirgazygynda “Talybana” garşy göreşýär. Şol bir wagtyň özünde olar “DAEŞ-e”-de garşy söweşýär” diýdi.

Darzapda ‘YD-a’ garşy “Talyban” hem söweşýar.

‘YD’ Darzapda 2016-njy ýylyň oktýabr aýyndan bäri peýda bolup başlady. Etrabyň şol döwürdäki häkimi Rahmatulla Haşar “YD-e wepaly adamlaryň” etrapda birnäçe obany basyp alandygyny we olaryň diňe bir ýerli ýaşaýjylary öldürmän “Talybanyň” bir komandirini hem öldürendigini aýdypdy.

2016-njy ýylyň soňlarynda “Afghan Islamic Press” habar agentligi, Darzaply oba ýaşaýjylaryna salgylanyp ‘YD-çylaryň’ Darzapda 60 çemesi öýi ot berendigini we üç adamy öldürendigini habar beripdi.

Fewral aýynda ‘YD’ söweşijileri Jöwüzjan welaýatyndaky “Gyzyl haç” halkara komitetiniň alty sany owganystanly işgärini öldürmekde aýyplandy.

Jöwüzjan welaýatynyň welaýat geňeşiniň agzasy Halima Sadyk Azatlyk radiosyna, “Ýerli güýçler esli wagtdan bäri DAEŞ-e garşy söweşip gelýär” diýip, gürrüň berdi.

Ol ‘YD-yň’ Darzaby doly ele geçirendigi bilen ylalaşman urşuň dowam edýändigini aýtdy we, “eger-de merkezi hökümet kömek etmese Jöwüzjanyň paýtagty Şebergan DAEŞ-yň eline geçer” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

‘YD-çylar’ ilki Jöwüzjanda peýda bolup başlany bäri olar barada dürli-dürli çaklamalar we spekuliýasiýalar orta atylýar.

Biz “Kişlok Owowzi” (Qishloq Ovozi) atly blogumyzyň geçen sanynda Jöwüzjandaky ‘YD-çylar’ barada makala çap edipdik.

Olaryň düzümindäki adamlaryň käbirleri “Özbegistanyň yslam hereketi” (‘ÖYH’) toparyndan galana çalym edýär. Olary 2015-nji ýylyň ahyrynda ‘ÖYH-yň’ lideri Osman Gazy Herat welaýatyna ugradypdy.

Osman Gazy öz toparynyň käbir söweşijilerini, “Talybandan” dörän emma ‘YD-a’ wepalylyk kasamyny içen beýleki bir toparyň Heratda adaty “Talybana” garşy göreşine kömege ugratmazdan ozal onuň özi (Gazynyň özi) hem ‘YD-a’ wepalylyk kasamyny edipdi.

Şonda adaty “Talyban” ‘YD-çy Talybany’ ýeňipdi we munuň netijesinde ‘YD-çy’ topar gündogara, ýagny Badgysa, Farýaba we Jöwüzjana tarap gaçypdy. Agzalýan welaýatlaryň ählisi Türkmenistan bilen araçäkleşýär.

Jöwüzjanyň häkiminiň metbugat wekili Muhammedryza Gafuriýniň 21-nji iýunda Azatlyk radiosyna beren gürrüňinden çen tutsaň ol Darzapdaky ‘YD’ söweşijileriniň şahsyýetlerini anyklap tassyklana meňzeýär.

“ ‘Özbegistanyň yslam hereketi toparynyň’ söweşijileri we olaryň maşgala agzalary Jöwüzjan welaýatynyň Darzap we Goşdepe etraplaryna gelip mesgen tutdular” diýip, Gafuriý Azatlyk radiosyna gürrüň berdi.

Ol ýerdäki söweşijileriň takyk sanynyň näçedigi näbelliliginde galýar. 20-nji iýunda “Afghan Channel One TV” telewizion kanaly “500-den gowrak ‘Yslam döwleti’ söweşijisi Darzap etrabyna hüjüm etdi” diýip habar berdi.

Gürrüňi edilýän sanlaryň ulaldyp aýdylýan bolmagy ahmal, sebäbi ‘YD’ bir etraba hüjüm etmek üçin munça söweşiji goýbermez.

Şeýle-de owgan mediasy “Talyban” söweşijileriniň Darzabyň käbir ýerlerini ele geçirendigini habar berýär.

“Talyaban” we ‘YD’ toparlarynyň ikisi-de howpsuzlyk postlaryny ele geçirene meňzeýär. Peýda bolan käbir habarlardan çen tutulsa, Darzabyň käbir ýerlerinde “Talyban” “Yslam döwleti” toparynyň söweşijilerine hüjüm edipdir.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň habar bermegine görä Kary Aman diýlip tanalýan “Talyban” komandiri Aka Şamsulla bäş egindeşi bilen bilelikde 22-nji iýunda öz jan penasy tarapyndan atylyp öldürilipdir.

Aýdylyşyna görä gürrüňi edilýän jan pena ‘YD-e’ hyzmat edýän ekeni.

Kary Amanyň adamlary Darzapda ‘YD-a’ garşy aldym berdimli söweş alyp barýan ekeni. Ýöne onuň ölümi ‘YD-iň’ agzalýan etrapda has güýjemegine getirip biler.

Darzap etraby Jöwüzjan welaýatynyň iň günortasynda ýerleşýär, diýmek, aslynda Türkmenistanyň araçäginde uruş ýok. Ýöne, Jöwüzjan welaýatynyň beýleki etraplarynda eýýäm üç ýyldan bäri hökümet güýçleri bilen “Talybanyň” arasynda uruş dowam edýär. Olardan Garkyn we Hamýap etraplary Türkmenistan bilen araçäkleşýär.

Hatda Garkyn etraby Özbegistan bilen hem serhetleşýär.

Orsýet Owganystanda ‘YD-iň’ güýçlenmegi bilen baglanyşykly Merkezi Aziýa döwletlerini duýduryp gelýärdi.

Türkmenistan Orsýetiň duýduryşlaryna üns bermäni gelýär. 2015-nji ýyldan bäri owgan güýçleri bilen “Talyban” söweşijileriniň arasyndaky söweş telim gezek türkmen serhedine baryp ýetendigine garamazdan, Aşgabat özüniň owgan serhedinde hiç hili howpsuzlyk meselesiniň ýokdugyny öňe sürýär.

Gürrüňi edilýän serhetdäki çaknyşyklar “Talybana” garşy alynyp barylýardy. “Talybanyň” bolsa Owganystanyň daşyna çykmak aladasy ýok.

Ýöne, ynha ‘YD-iň’ welin serhet gaýgysy ýok; olar halkara çäklerde hereket edýän ekstremist topar. Söweşiji toparyň Darzap etrabyndaky üstünligi Azatlyk radiosynda, Türkiýäniň Türkmenistana ‘YD’ toparyna agza bolmakda güman edilýän dört raýatyny bermegi we olaryň Türkmenistanda terror hüjümlerini planlaýandyklaryny Türkmen hökümetine duýdurmagy baradaky habaryň peýda bolmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

“Yslam döwleti” toparynyň Jöwüzjandaky ýeňşi, diňe bir ekstremist toparyň howpsuzlyga haýbat atýanlygy üçin däl, eýsem Orsýetiň we Orta Aziýaly beýleki goňşularyň Türkmenistandan, “türkmen-owgan serhedinde hiç hili mesele ýok” diýip ýaýradýan beýanatlaryndan başga, has içgin çäreleri talap edip başlajakdyklary üçin Türkmenistany azara goýar.

Bu makala Azatlyk Radiosynyň direktory Farruh Ýusufiý we Radio Azadydan Kadyr Habyp goşant goşdy.

Blogda agzalýan pikirler Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG