Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Repressiýalaryň fonundaky Aziýa oýunlary


“Aziýanyň Olimpik Geňeşiniň türkmen hökümetinden käbir özgertmeleri amala aşyrmagyny talap etmegine heniz hem wagt bar".
“Aziýanyň Olimpik Geňeşiniň türkmen hökümetinden käbir özgertmeleri amala aşyrmagyny talap etmegine heniz hem wagt bar".

Eger-de Aziýanyň Olimpik Geňeşi we Milli Olimpiýa Komitetleriniň Asssosasiýasy Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen ýurtdaky adam hukuklarynyň ýagdaýyny gozgamasalar, onda ýurduň bu ugurdaky ‘aýylganç’ ýagdaýy Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ‘kölege salyp biler’ diýip, adam hukuklaryny goraýjy toparlarynyň beýanatynda bellenilýär.

“Human Rights Watch” guramasy we “Adam hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy” toparynyň bilelikdäki beýanatynda, Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýynyň Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň borçnamalaryna ters gelýändigine üns çekilýär.

“Türkmen hökümeti raýatlaryna berk repressiýa edýär. Bu ýurtdaky adam hukuklarynyň ýagdaýy - Aziýanyň Olimpik Geňeşiniň hem ygrarly bolmaly – Olimpiýa prinsipleirne ters gelýär” diýip, “Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktorynyň orunbasary Reýçel Denber nygtady.

17-27-nji sentýabr aralygynda geçirilmeli “Aziada-2017” oýunlaryna 100 gün galmagynyň öňüsyrasynda ýaýradylan beýanatda, türkmen häkimiýetleriniň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny berk gözegçiliginde saklaýandygy, özüňi açyk beýan etmek we adamlaryň dini ynançlaryny hem çäklendirýändigi nygtalyp geçilýär.

Şeýle-de, beýanatda gürrüňi gidýän sport çäresiniň Türkmenistany halkara habar beriş serişdeleriniň gün tertibine getirjekdigini, emma ýurduň özünde garaşsyz žurnalistleriň garşysyna yzarlama, gorkuzma, tussag etme ýaly basyşlaryň edilýändigi hem bellenilýär.

Beýanatyň awtorlary Azatlyk Radiosynyň 2015-nji ýylyň iýulyndan bäri tussaglykda saklanýan habarçysy – Saparmämmet Nepsgulyýyewiň we ençeme gezek hüjümlere sezewar edilen Soltan Açylowanyň ykballaryna ünsi çekýärler.

Munuň bilen baglylykda, beýanatda Olimpiýa Çarterinde media azatlygyna we adam mertebesine aýratyn ornuň berilýändigi we Olimpiýa hereketiniň bu prinsipleriň ähli sport federasiýalarynda dowam etdirilmelidigi aýdylýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, “Human Rights Watch” guramasy geçen ýylyň dekabrynda türkmen hökümetiniň azat sözi we adam mertebesini depelemegi Olimpiýa hartiýasynyň prinsiplerine doly ters gelýändigini, şeýle-de munuň Olimpiýa hereketiniň imidžine ýaramaz täsir ýetirip biljekdigini aýdypdy.

Şonda adam hukuklaryna gözegçilik edýän gurama Halkara olimpiýa komitetiniň prezidentine we Aziýanyň Olimpik geňeşiniň we milli olimpiýa komitetleriniň assosiasiýasynyň prezidentine ýörite hat ýollap, onda Türkmenistandaky adam hukuklarynyň bozulmagynyň öňüni almaga çagyrypdy.

Emma “Human Rights Watch” şol haty boýunça entek hiç hili jogap almandygyny mälim etdi.

“Aziýanyň Olimpik Geňeşiniň türkmen hökümetinden käbir özgertmeleri amala aşyrmagyny talap etmegine heniz hem wagt bar. Eger-de bu edilmese, bu gowy bir mümkinçiligiň elden gidirilendigini we türkmen hökümetiniň adam hukuk bozmalaryny dowam etdirmegini aňladar” diýip, Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktorynyň orunbasary Reýçel Denber nygtady.

XS
SM
MD
LG