Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Biz jaň ederis diýýärler, emma jogap bolmaýar”


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Hormatly Arkadag,

Birža truda 3 ýyl 7 aý bäri özüme iş gözlemek üçin baryp gaýtýaryn. Emma tagtada asylyp duran “Boş iş orunlaryna” jaň etsem, hemmelerem “Kim diýýär? Biziň hiç hili habarymyz ýok” diýip durlar. Käwagtlar şol bir zatlary asýarlar, diňe ýokarsyndaky aýyny, günini çalşyp durlar.

Ýa-da bolmasa geçen aý türkmençesini, bu aý ors dilinden asýarlar. Birža trudaky işleýän işgäler ors diline düşünmeýäler diýip halky aldaýarlar. Ynanmadyklar baryp barlap görsünler.

Ýene bir mysal: Ýarmarka bolýar diýip boş ýarmarkalar geçirip durlar. Ýarmarkanyň hemmesinede gatnaşyp gördüm. Başlyklar, bölüm başlyklar seniň bilen gürrüňdeşlik geçirýärler, soňra maglumatyňy (rezumeňi) alyp, “Biz size jaň ederis” diýip utanman ýüzüňe seredip aldaýarlar.

“Hormatly Prezidentimiz” diýmägede dilim baranok. Özi utanmaýarmyka tutuş türkmen halkyny telewidiniýäniň üsti bilen halky aldamagy. Özüni Hudaýdan öňe goýup, Ministrlary, olaryň orunbasarlaryny we başkada kiçi wezipeli başlyklaryna Baş egdirip özüne salam berdirýär. Utanç... utanç... utanç. Masgarawazlyk. Halkyň gözüne gülkünç.

Türkmen halky Ministr Kabinetiniň işgärlerine ynanyp, eýýam 4 aý bäri Gurbanguly Berdimuhamedowy IMPIÇMENT etmeklerini haýyş bilen ýüz tutýarlar. Enşalla Hudaý eşder we şeýlede bolar.

Redaksiýadan: Okyjynyň haty bolşy ýaly çap edilýär. Onda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG