Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenstan ilkinji gezek adam hukuklary boýunça baş wekili ombudsmeni belledi


Türkmen resmileri prezidentiň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary boýunça institutynda
Türkmen resmileri prezidentiň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary boýunça institutynda

Türkmenistan adam hukuklary boýunça baş wekili ombudsmenini belledi.

Ýurduň taryhynda ilkinji ombudsmeni wezipesine Mejlisiň bäşinji çagyryşynyň deputaty Ýazdursun Gurbannazarowa bellendi.

Resmi maglumatlarda ombudsmen wezipesine Gurbannazarowanyň gizlin ses berişlik arkaly üç dalaşgärden saýlanandygy aýdylýar.

Ombudsmeniň işiniň 2016-njy noýabr aýynda kabul edilen we 1-nji ýanwarda güýje giren “Ombudsmen hakyndaky” kanun esasynda kesgitlenýändigi, onuň bäş ýyl möhlet bilen saýlanyp, her ýyl ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada hasabat taýýarlap döwlet baştutanynyň garamagyna bermelidigi resmi maglumatda aýdylýar we hasabatlaryň milli metbugatda beýan edilmelidigi media maglumatlarynda bellenýär.

Türkmen metbugatynda türkmen ombudsmeniniň iş tejribesi barada berilýän maglumata görä, Ýazdursun Gurbannazarowa Mejlisiň ozalky dördünji çagyryşyna hem saýlanypdyr, adam hukuklary we azatlyklary boýunça komitete ýolbaşçylyk edipdir we 2010-2014-nji ýyllarda Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky demokratiýa we adam hukuklary boýunça institutynyň müdiri bolupdyr.

Türkmen resmileri bu wezipäniň ýurtda adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem azatlyklarynyň döwlet goragynyň üpjün edilmegine, döwlet organlary we resmiler tarapyndan berjaý edilmegine we hormat goýulmagyna kepil geçmek üçin döredilýändigini aýdýarlar.

Halkara guramalarynyň hasabatlarynda Türkmenistan dünýä derejesinde adam hukuklaryny iň gödek depeleýän ýurtlaryň arasynda ýyllar boýy agzalyp gelinýär.

XS
SM
MD
LG