“Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri” atly neşir 2016-njy ýylyň aýagynda Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykyp, häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçmeginiň yzýany tussag edilen Akmyrat Rejepowa temmäki önümleriniň söwdasy boýunça jenaýat toparyny döretmekde günä bildirilendigini habar berýär.
Saparmyrat Nyýazow häkimiýet başyna geçeli bäri prezidentiň gorag gullugynyň ýolbaşçysy bolan general-leýtenant Akmyrat Rejepowyň tussag edilendigi Türkmenstanda resmi dereje mälim edilmändi. 2007-nji ýylyň 15-nji maýynda döwlet telewideniýesi Rejepowyň “başga işe geçmegi sebäpli” wezipesinden boşadylandygyny habar beripdi.
Halkara media serişdeleriniň maglumatlarynda general Rejepowyň şol ýylyň maý aýynyň ortalarynda öz ogly Türkmenistanyň Beýik Britaniýada we Birleşen Arap Emirliklerinde ilçiniň geňeşçisi bolan Nurmyrat, şeýle-de telekeçi Myrat Agaýew bilen bilelikde tussag edilendigini, olara korrupsiýa degişli jenaýatçylyklar we wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanmak bilen bagly günäniň ýöňkelendigi habar berlipdi.
Käbir tassyklanmadyk maglumatlarda Akmyrat Rejepowa 20 ýyl, onuň ogluna 13 we Myrat Agaýewe 17 ýyl türme möhletiniň berlendigi aýdylypdy.
“Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri” atly neşir 14-nji fewralda çap eden maglumatynda suduň Rejepowlar we Agaýew babatynda on ýyl mundan öň çykaran kararynyň tekstini ýerleşdirdi.
Aşgabat şäheriniň Azatlyk etrap sudunyň 2007-nji ýylyň 27-nji iýulynda çykarandygy görkezilen kararda 1949-njy ýylda doglan Akmyrat Rejepowyň we 1971-nji ýylda doglan Myrat Agaýewiň jenaýat toparyny döretmekde we Nurmyrat Rejepowyň jenaýat toparyna agza bolmakda günäli tapylandygy aýdylýar. Dokumente laýyklykda agzalan şahslar 12 ýylyň dowamynda temmäki önümlerini ýaýratmakda we uly möçberde para almakda aýyplanyp, Akmyrat Rejepowa we Agaýewe 17 ýyl we Nurmyrat Rejepowa 13 ýyl iş kesilipdir.
Maglumatda iki ýurduň, ýagny Türkmenistanyň we Orsýetiň raýaty bolan Myrat Agaýewiň Birleşen Arap Emirliklerinde ýerleşýän “Central Asia tobacco”, ABŞ-da ýerleşýän “Make USA”, Orsýetde ýerleşýän “Bemut” we Türkiýede ýerleşýän “Beýtur” şirketleriň eýesidigi aýdylýar.
Şeýle-de “Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri” atly neşriň websaýtynda çap bolan maglumatda Türkmenistanda dürli ýyllarda temmäki önümleriniň söwdasyna gözegçilik bilen baglylykda ýurduň ýene birnäçe resmisiniň we telekeçileriň öz wezipesinden ýa-da azatlykdan mahrum bolandygy aýdylýar we olaryň arasynda häzirki prezident Gurbanguly Berdymuhamedowyň howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçysy Güýçgeldi Hojaberdiýewiň we telekeçi Maksat Ataýewiň atlary agzalýar.
Türkmenistanda temmäki önümleriniň söwdasy resmi taýdan döwletiň gözegçiliginde saklanýar. 2016-njy ýylda temmäki önümleriniň importy Söwda ministrliginiň ygtyýarlygyna berildi.
Emma “Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri” neşri ministrligiň temmäkini ýurda getirmek işini amala aşyrman, çilimi daşardan getirýän şirketler bilen işleşýändigini belleýär we şu günku gün Türkmenistana çilim eltýän esasy şirketleriň prezident Berdimuhamedowyň giýewine degişlidigini habar berýär.