Dünýä ýurtlarynyň azatlyk we demokratiýa derejesine syn edýän, merkezi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Freedom House” guramasy dünýäniň köp ýerlerinde awtoritar güýçleriň gitdigiçe güýçlenmegi, demokratik döwletlerde “populistik we milletçi güýçleriň” ýokarlanmagy bilen raýat azatlyklary 2016-nj ýylda howp astyna düşdi diýip duýduryş berýär.
Bu toparyň 2017-nji ýylda dünýädäki azatlyk atly raportynda syýasy hukuklaryň we raýat azatlyklarynyň öten ýyl 67 ýurtda göz-görtele aşaklandygy aýdylýar. Bu bolsa gowulanmalaryň bolandygy kesgitlenen 36 ýurduň iki tas essä golaýydyr. Guramanyň ýyllyk barlagynda jemi 195 ýurda baha berilýär.
“Freedom House” guramasynyň bellemegine görä, 2016-njy ýylda hukuk bozujylaryň iň tanymaly Orsýet bolupdyr.
“Orsýet öz buýsanjaňlygyny hem duşmançylygyny täsin ýagdaýda aýan edip, Birleşen Ştatlaryň we beýleki demokratik döwletleriň syýasy proseslerine garyşdy, Siriýada Assad diktaturasyna berýän harby goldawyny güýçlendirdi, şeýle hem Ukrainanyň territoriýasyny bikanun eýelemegini berkitdi” diýip, hasabatda aýdylýar.
Şol bir wagtyň özünde-de Moskwa içerde başgaça pikirleniş we syýasy oppozisiýanyň çygryny çäklendirdi.
“Orsýetde aşa repressiw şertler ozaldan bar, ýöne ol ýylba-ýyl ýaramazlaşýana meňzeýär. Üstümizdäki ýyl bizi aýratyn aladalandyrýan zat parlament saýlawlaryna we regional saýlawlara kontrollyk, şeýle hem liberal oppozisiýanyň parlamentden tutuşlygyna ýok edilmegi. Bizi hökümete degişli däl guramalaryň ýagdaýy hem aladalandyrýar. Orsýet bulara çet ýurtlaryň agentleri ýa islenmeýän guramalar diýip garaýar. Şeýdip, haýsy hem bolsa, ýurtda bar bolan garaşsyz sesi dymdyryp bilýär” diýip, “Freedom house” guramasynyň Nýu Ýorkdaky sözçüsi Sarah Repuççi aýdýar.
“Freedom House” demokratik döwletlerde barha artýan populistik we milletçi lagerleriň-de azatlyklaryň aşaklamagyna umuman goşant goşýandygyny belleýär.
“Diktaturalarda repressiýanyň gitdigiçe artýandygyny görmek bize bir nätanyş zat däl, ýöne azatlyklaryň dünýäniň has erkin ýurtlarynda aşaklamagy azatlyklaryň hemme ýerde aşaklamagyna täsir edip başlady” diýip, Repuççi belleýär.
Hasabatda esasy demokratik ýurtlar “Britaniýanyň Ýewropa Bileleşigini terk etmeginden” şeýle hem “Ýewropanyň beýleki ýerlerinde çet ýurtlulara duşmançylykly milletçi partiýalaryň ses gazanmagyndan we Birleşen Ştatlarda Donald Trampyň prezidentlik ýeňişinden soňra iňkis we aýgytsyzlyk girdabyna batdy” diýilýär.
“Bizi has-da aladalandyrýan zatlaryň biri azlyk ilata nähili çemeleşilýändigi. Bu öten ýyl Ýewropada migrant krizisinde boldy. Biz munuň uly akym bolup gelýänini, kabul ederlik zada öwrülip gelýänini görýäris. Adaty ugra ýykgyn edýän syýasatçylar bu adamlaryň ýurtda bolmagyna ynanmaýandyklaryny, bu adamlara beýlekilerden başgaça çemeleşilmelidigini aýdýarlar” diýip, Repuççu aýdýar.
“Freedom House” guramasynyň bellemegine görä, Ýewraziýa babatda aýdanyňda 2016-njy ýyl regionyň “demokratiýa ymtylýan gyra bilen berk awtoritar merkeze bölünendigini” görkezdi.
Ukraina, Gürjüstan we Moldowa ýaly ýurtlar “soňky ýyllarda demokratiýa ugrunda gazanylan gowşak üstünliklere daýanmaga dyrjaşdylar”, ýöne Günbatar berýän goldawyny kesen halatynda, bu öňegidişligiň howp astyna düşmegi mümkin diýip, raportda aýdylýar.
Repuççi Ýewropadaky ýagdaýa salgylanyp şeýle diýýär: “Üstümizdäki ýyl bizi has-da aladalandyrýar. Sebäbi Ýewropa Bileleşigi bilen Birleşen Ştatlar beýleki ýurtlara görelde bolup hyzmat etmegiň ýa olara demokratiýany goldamaga kömek bermegiň deregine öz içeri meseleleri bilen aladalanjaga meňzeýärler. Şol sebäpden biziň, aýratyn-da, Orsýetiň gündogar tarapyndaky ýurtlarda we Balkanlarda-da yza gaýtmalara şaýat bolmagymyz mümkin”.
Raportda Ýewraziýanyň köp ýurtlarynda, şol sanda Azerbaýjanda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda hökümetler ykdysady we syýasy näbellilikleriň içinde öz güýç-gudratlaryny artdyrmak üçin dürli çärelere ýüz urandygy aýdylýar.
Repuççi 2016-njy ýylda Azerbaýjanda baş kanun barada geçen referendum “esasan Alyýewiň kontrollygy öz elinde saklap galmagyna gönükdirildi” diýýär. Gyrgyzystanda hem prezident Almazbek Atambaýewyň prezidentlikden premýer-ministriň wezipesine geçmegine şert döretjek ýagdaýa geçilmeginiň mümkindigini görkezýän alamatlar peýda boldy. Bu orunda bolsa, konstitusiýanyň üýtgedilmegi bilen onuň ygtyýarlylyga has-da artýar.
Täjigistanda geçirilen “referendum prezident Emomali Rahmonyň san taýdan çäksiz möhlet bilen bu wezipä dalaş etmegine ýol açyp, prezidentlik saýlawyna goşulmaga hukuklylyk ýaşyny aşaklatdy. Bu göçümiň hem Rahmondan soňra oglunyň onuň orununy tutmagy üçin edilen bolmagy ähtimal”. Şeýle hem häkimiýetler Täjigistanyň Yslamçy täzeden döreýiş partiýasynyň iki liderine ömürlik türme tussaglygyny berdiler, beýlekileriň hem birnäçesini uzak möhletli tussaglygyna höküm etdiler.
“Freedom House” 2016-njy ýylda 49 ýurdy “azat däl” diýip atlandyryp, olaryň planetanyň ilatynyň 39 prosentini öz içine alýandyklaryny belleýär.
“Azat däl” diýip, baha berlen ýurtlaryň arasynda Owganystan, Azerbaýjan, Belarus, Eýran, Gazagystan, Orsýet, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly ýurtlar bar.
Hasabatda syýasy hukuklar we raýat azatlyklary boýunça Özbegistan bilen Türkmenistanyň “azat däl” 11 ýurduň arasynda iň ýaramaz ýurtlardygy bellenýär. Ýaramazyň-da ýaramazy kategoriýasyna girýän beýleki ýurtlar bolsa, Demirgazyk Koreýa, Eritrea we Siriýa.
Repuççi “ýaramazyň-da ýaramazy” diýilýän ýurtlaryň arasynda bir umumylyk bar, ol hem durgunlyk diýýär:
“Biziň bu ýokary dereje repressiw diktaturalarda görýänimiz bütinleý kontrollyk, başgaça pikire, haýsy hem bolsa, ýer ýok. Bu başgaça pikir, kiçijik protestçi topardan gelýärmi ýa hökümete degişli däl bir guramadan ýa-da garaşsyz žurnalistden gelýärmi, bular ýaly sözlere ýer ýok. Şol bir wagtyň özünde, doly durgunlyk höküm sürýär. Siz geçen birnäçe ýyllykda çykarylan sanawlara seretseňiz, bu ýurtlary sanawda telim gezek görersiňiz”.