Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mugallymlar we çagalar gijeki Täze ýyl dabarasyndan 'halas bolýar'


Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdyrylýan çagalar
Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdyrylýan çagalar

Türkmenistanyň regionlarynda býujet we döwlet edaralarynyň işgärleriniň Täze ýyly köp ýyldan bäri ilkinji gezek şäher merkezinde, sowukda däl-de, maşgala ojaklarynyň başynda garşylamagyna şert döredi.

Adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» guramasynyň berýän maglumatyna görä, welaýat merkezlerinde býujet edaralarynyň işgärleriniň we okuwçylaryň gatnaşmagynda gurnalýan mejbury Täze ýyl dabaralary ýatyrylýar.

Neşir, 29-njy dekabrda Lebap welaýatynyň orta mekdeplerine berlen görkezmä laýyklykda mugallymlaryň, uly klas okuwçylarynyň Täze ýyly öýlerinde garşylamagynyň maslahat berlendigini ýazýar.

Şeýle-de habarda okuw jaýlarynda, kafelerde we restoranlarda kollektiwleýin baýramçylyk çäresiniň geçirilmesiz edilendigi aýdylýar.

Bu habar paýtagt Aşgabatda, prezident Berdimuhamedowyň özüniň köp adamly, şol sanda çagalaryň gatnaşmagynda guralan baýramçylyk dabaralarynda dijeýlik edip, aýdym aýdyp, saz çalýan günlerine gabat geldi.

Azatlyk radiosynyň Aşgabatdaky çeşmesi hem bu ýyl mugallymlaryň we beýleki býujet işgärleriniň, okuwçylaryň aglaba köplüginiň 2017-nji ýyly baş arçanyň ýanynda, sowukda garşy alman, öýlerinde garşy almaklarynyň mümkindigini aýdýar.

«Dogry, ozal Täze ýyl arçasynyň ýanyna barmaly edilip, ýörite eşikleri satyn alan mugallymlar bu çäre gatnaşmaly, emma galan mugallymlar, nobatçy bolmasa, Täze ýyly öýlerinde garşylamaly» diýip, ynamdar çeşme aýtdy.

Türkmen kanunçylygynyň çagalary syýasy-köpçülik çärelere çekmegi goldamaýandygyna, hatda prezident Berdimuhamedowyň özüniň hem çagalary beýle işlere çekmegi bes etmäge çagyrandygyna garamazdan, Türkmenistanda mekdep okuwçylary we býujet işgärleri ol ýa-da beýleki görnüşdäki köpçülik sahnalarynda giňden ulanylýar.

Olaryň bu ýyl mejbury Täze ýyl baýramçylygyndan boşadylýandygy baradaky habar ýurtda ençeme aý bäri dowam edýän maliýe kynçylyklarynyň, azyk ýetmezçiliginiň we dükanlaryň agzynda uzyn nobatlaryň döremeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň mejlislerinde işleýän adamlaryň aýlyklaryny wagtynda bermek, dükanlary we bazarlary elýeterli bahadan satylýan azyk we senagat harytlary bilen doldurmak barada gaýta-gaýtda tabşyryk berdi we bu tabşyryk bölekleýin, belli bir derejede ýerine ýetirildi.

Şol bir wagtda döwlet dükanlaryna getirilen we bazardaky nyrhlardan arzan satylýan harytlar, hususan-da çilim we towuk eti has uly nobatlaryň, kähalatda dawa-jenjelleriň döremegine we ol ýerdäki polisiýa gözegçiliginiň güýçlendirilmegine alyp geldi.

Emma indi, aşgabatly çeşmäniň maglumatyna görä, döwlet dükanlaryndaky çilimiň we beýleki harytlaryň nobatyna gözegçilik edýän polisiýa, howpsuzlyk işgärleri paýtagtda we beýleki ýerlerde Täze ýyl baýramçylygynyň asuda geçmegini üpjün etmäge gönükdirilýär.

«Bu ýagdaý eýýäm döwlet dükanlaryndaky çilim söwdasynyň Täze ýyl baýramçylygy geçýänçä togtadylmagyna getirdi» diýip, ynamdar çeşme aýtdy.

Şeýle-de ol, prezident Berdimuhamedowyň iş günleri, egindeşlerini hem ýanyna alyp, Täze ýyl arçalaryna aýlanmagynyň täzelik bolandygyny aýdýar.
Şol bir wagtda, region merkezlerinde, mugallymlaryň we okuwçylaryň gatnaşmagynda gurnalýan mejbury Täze ýyl baýramçylygynyňbu ýyl näme sebäpden «uludan tutulmajagynyň» anyk sebäbi belli däl.

Türkmen hökümetiniň maslahatynda Täze ýyl baýramçylygynyň ýokary guramaçylyk we asuda ýagdaýda geçirilmegine gözegçilik etmek wise-premýerler Durdylyýew bilen Satlykowa tabşyryldy.

«Bu hökümetiň galan agzalarynyň hem baýramçylygy öz maşgalasynyň arasynda geçirmegine şert döredip biler» diýip, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

XS
SM
MD
LG