Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Çöken pudak" boş wada bilen "dikeldilýär"


Daşoguz, Görogly etraby
Daşoguz, Görogly etraby

Geçen hepdäniň aýagynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary II gurultaýy geçirilip, oňa ýurduň çar künjeginden 600-den gowrak wekiliň gatnaşandygy habar berildi.

Bu gurultaý ýurduň prezidentiniň Ahal welaýatynyň Daýhan birleşiklerinde her gektardan alynýan bugdaý hasylynyň 16 sentner bolup, şahsy hojalyklarda her her gektardan alynýan bugdaýyň 63 sentnere ýetýändigini aýdan, şeýle-de ýeri hususy eýeçilige ýa-da uzak möhletli kärendesine bermek baradaky kanunçylygy taýýarlamaga çagyran wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Mundanam başga, prezident Berdimuhamedow soňky döwürde daşary ýurtdan getirilýän gök önüme köp altyn puluň harçlanylýandygyny, ýerleriň şorlaşandygyny we ekerançylyk ýerlerinden alynýan hasylyň möçberiniň ýyl-ýyldan pese gaçýandygyny aýdýar.

Elbetde, bu boýun alyşlaryň gapdalyndan, Türkmenistanda daýhanlaryň ýerden ýokary hasyl almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigi barada aýdylýan sözler hem gaýtalanýar.

Eýsem, ýurtda daýhanlaryň, oba adamlarynyň bähbitlerini goramak üçin döredilen Agrar partiýanyň nobatdan daşary II gurultaýynda oba hojalygynda dörän şu we beýleki meseleler, olaryň çözgüdi hakynda gürrüň edildimi?
Ýa-da bolmasa, metbugatda prezidentiň aýdan çynlakaý tankydy bellikleri, oba hojalygynda dörän ýagdaýdan çykalga barada nähili pikirler bar?

Azatlyk radiosy bu soragy aşgabatly ýazyjy, oba hojalyk hünärmenleri bilen görşüp-gürleşip ýören ýerli synçy Amanmyrat Bugaýewe berdi.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:13 0:00

XS
SM
MD
LG