Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe “arassalaýyş” çärelerini dowam etdirýär


Marmarisde polisiýa ofiseri Nedip Jengiz Ekeriň jynazasynda ofiseriň hossary onuň tabydyny gujaklap aglaýar.
Marmarisde polisiýa ofiseri Nedip Jengiz Ekeriň jynazasynda ofiseriň hossary onuň tabydyny gujaklap aglaýar.

Türk resmileri 15-nji iýulda başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygyna gatnaşandygy ýa-da ony goldandygy aýdylýan adamlary tussag etmegi dowam etdirýärler. Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan bu iş bilen baglanyşykly “arassalaýyş” çäreleriniň dowam etjekdigini aýtdy.

Erdogan 17-nji iýulda gatnaşan jynaza namazynda “döwlet edaralaryny Birleşen Ştatlarda ýaşaýan Fethullah Güleniň tarapdarlarynyň wiruslaryndan arassalajakdygyna” wada berdi. Ankara Güleni döwlet agdarylyşygyny amala aşyrmak dildüwşüginiň arkasynda bolmakda aýyplaýar.

17-nji iýul gije Erdogan Ankaradaky ýörişe gatnaşdy. Erdoganyň we premýer-ministr Binali Ýyldyrymyň çykyşyny diňlemek üçin bu ýörişe türk baýdaklaryny göterip müňlerçe adam geldi.

Ýekşenbe güni Türkiýe Güleniň ekstradisiýa edilmegini sorajakdygyny hem mälim etdi. Gülen başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygyny ýazgaryp, oňa özüniň hiç hili gatnaşygynyň ýokdugyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri 16-njy iýulda Obama administrasiýasynyň Güleniň ekstradisiýa edilmegi baradaky talaba seretjekdigini, emma Waşingtonyň bu talaby diňe ruhanynyň agdarylyşyk synanyşygyna dahyllydygyna açyk subutnama bolan ýagdaýynda ýerine ýetirjekdigini aýtdy.

Erdogan öz tarapdarlaryny öňümizdäki günlerde hem köpçüligiň üýşýän ýerlerine çykyp, öz hökümetine goldawyny görkezmäge çagyrdy.

Giň gerimli ýörişler düýn gije Stambulyň Taksim meýdanynda we deňizýaka şäherleri Izmirde we Antalýada hem geçirildi.

Häzire çenli tussag edilen we eýeleýän wezipesinden boşadylan 6 müňden gowrak adamyň düzümine ýokary derejeli harby ofiserler we 2,700 çemesi sudýa girýär. 17-nji iýulda 50-den gowrak ýokary derejeli ofiser tussag edildi.

Türkiýäniň adalat ministri Bekir Bozdag tussag edilmeleri “arassalaýyş operasiýalary” diýip häsiýetlendirdi we bu sanyň has-da artmagyna garaşýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, resmiler başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygynda ölen adamlaryň sanyny hem artdyryp, 294-e ýetendigini mälim etdiler.

17-nji iýulda Erdogan “AKP” partiýasynyň reklama, mahabat kampaniýalaryna ýolbaşçylyk eden Erol Olçagyň we onuň 16 ýaşyndaky oglunyň jaýlanyş çäresine gatnaşdy. Olar 15-nji iýulda Bogaz köprüsinde esgerler tarapyndan atlyp öldürildiler.

Erdogan, Türkiýe 2004-nji ýylda ýatyrylan ölüm jezasyny gaýtadan dikeltmegi göz öňünde tutup biler diýdi.

Erdogan 17-nji iýulda köpçülige ýüzlenip eden çykyşynda parlamentde ölüm jezasyny gaýtadan dikeltmek barada gepleşikleriň geçiriljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG