Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astanada Hazaryň durumy maslahatlaşyldy


Hazaryň kenary
Hazaryň kenary

Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleri 14-nji iýulda Astanada duşuşyp, Kaspiniň durumuny kesgitlemek baradaky konwensiýanyň proýekti barada maslahat etdiler.

Mälim bolşy ýaly, Orsýet, Gazagystan, Azerbaýjan, Türkmenistan we Eýran indi20 ýyl bäri Hazar deňziniň statusy baradaky ylalaşyga gol çekmegiň üstünde işleýär we bu meseläniň çözgüdi Aşgabadyň türkmen gazyny Orsýete garaşsyz Ýewropa aşyrmak zerurlygy nukdaý nazardan möhüm.

Ýewropa Bileleşigi, Orsýetden energiýa garaşsyzlygyny berkitmek üçin, türkmen gazyna gyzyklanma bildirýär. Şol bir wagtda, Türkmenistan Hazaryň içinden öz «turbasyny» geçirmek hukugynyň bardygyny aýdyp, aýak depýär. Emma Moskwa muňa, deňziň umumy ekologiýasyna zyýan ýetmek ähtimallygy baradaky duýduryşlar bilen, garşy çykýar.

Şol bir wagtda, Gazagystan, Orsýet ýaly ýurtlar öz «turba çekmek» işlerini Aşgabatdan soramaýarlar.

Häzirki wagtda Hazaryň statusy baradaky konwensiýanyň düzgünleriniň 90 prosente golaýynyň ylalaşylandygy aýdylýar. Gelnen ylalaşyga görä, taraplaryňhersine Kaspiniň territorial suwlaryndan 15 mil berilýär, mundan başga, olar ýene 10 mil uzaklykda deňziň bioserişdelerini awlamaga hukuk alýar.

Konwensiýanyň jedelli ýerleri

Astanadaky konsultasiýalaryň dowamynda konwensiýanyň ylalaşylmaýan, jedelli düzgünlerine üns berlipdir.

Daşary işler işler ministri Sergeý Lawrow, kärdeşleri bilen duşuşykdan soň, taraplaryň bir topar ugur boýunça öňe süýşendigini aýtdy diýip, Orsýetde çykýan «Krasnaýa Zwezda» gazeti habar berýär.

Lawrowyň sözlerine görä, bu ýerde çözülmedik «birnäçe mesele galdy we prezidentler tarapyndan ylalaşylan meseleler boýunça diňe dogry resmileşdirmäniň tapylmagy gerek».

Şeýle-de, rus ministri bu konwensiýa 2017-nji ýylda, hatda onuň birinji ýarymynda gol çekilmeginiň doly mümkindigini aýdypdyr.

Taraplar eýýämden bar bolan sektor ylalaşyklaryny ýerine ýetirmegi çaltlaşdyrmak, gepleşikleriň predmeti bolan goşmaça dokumentleri taýýarlamaga çalyşmak barada hem gürrüň edipdirler.

Häzir Hazarýaka bäşliginiň arasynda adatdan daşary ýagdaýlary duýdurmak we aradan aýyrmak boýunça ylalaşyk bar diýip, habarlarda aýdylýar.

Iri sektor ylalaşyklary

Astanada geçirilen duşuşykda taraplaryň ählisi has iri sektor ylalaşyklaryny, hususan-da söwda-ykdysady we transport pudagy boýunça ylalaşyklary işläp düzmek zerurlygy barada bir pikire gelipdir. Bu ylalaşyk Kaspi deňzinde harby gämileriň gatnaşmagynda bolup biljek hadysalaryň öňüni almak üçin gerek diýip, Orsýetiň baş diplomaty aýdypdyr.

Bu ylalaşygyň gazanylmagy Azerbaýjan, Gazagystan we Türkmenistan ýaly täze garaşsyz döwletleriň, daşary ýurt spesialistlerini hem çekmek bilen, öz harby-deňiz güýçlerini döretmekleri nukdaý nazaryndan möhüm.

Gazagystanyň daşary işler ministri Erlan Idrisow hem Astanada geçirilen maslahata gowy baha beripdir. Onuň sözlerine görä, Kaspiniň durumy baradaky konwensiýa geljek ýyl Astanada döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek sammitde gol çekiljegine umumy meýil hem, özara düşünişme hem bar.

Ýatlatsak, hazarýaka döwletleri indi 20 ýyla golaý wagt bäri Kaspi deňziniň düýbündäki çäkler boýunça ylalaşyga gelip bilmeýärler. Şeýle-de, olaryň arasynda deňiz ýalpaklaryndaky iri ýerasty baýlyklaryň ýerleşýän territoriýalary barada oňuşmazlyklar bar.

Hasaplamalara görä, Hazar deňziniň territoriýasynda 10 milliarddan 40 milliard barrele çenli nebit, 5,6 trillion kubmetr möçberinde hem gaz bar.

Azerbaýjan, Gazagystan we Türkmenistan Kaspi deňzindäki çäkleri ortalyk liniýadan çekmegi teklip edýärler, Eýran bolsa Kaspide (20 prosentden) deň bäş sektory döretmegi talap edýär.

Hazaryň täze statusyny kesgitlemek meselesi SSSR darganyndan soň döredi. Kaspi deňzi şondan öň hakykatda SSSR-iň içki köli bolup, Eýrana onuň diňe 13,8 prosenti degişlidi.

XS
SM
MD
LG