Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna edýän saparynyň dowamynda Hytaýyň “CNPC” Milli nebit-gaz korporasiýasynyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşdy diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Maglumatda duşuşygyň çäginde türkmen prezidenti “Petro China Company Limited” kompaniýasynyň wise-prezidenti Ban Ilinýa we “CNPC” korporasiýasynyň baş direktory Lýu Gunsunýa hem-de “CNPC” korporasiýasynyň ýurtdaky baş ýerine ýetiriji direktory Den Minmina bilen gepleşikleri geçirip, özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary barada maslahat etdiler diýilýär.
Şol bir wagtyň özünde, Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň başlygy Berdimuhamedowa “CNPC” korporasiýasynyň ýurtda alyp barýan işleriniň gidişi barada maglumat berdi diýlip, türkmen metbugatynda nygtalýar.