Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Gorkaklyk – adamyň iň aýylganç derdi"


Mihail Bulgakow
Mihail Bulgakow

“The Guardian” gazetiniň okyjylar topary Mihail Bulgakowyň «Ussat we Margarita» romanyny iýun aýy üçin öz kitaby diýip seçdi.

Okyjylaryň biriniň pikirine görä, bu «owalda-ahyrda ýazylan iň gowy romanlaryň biri» bolup durýar.

Gazet makalasynda iýun aýy üçin seçilip alnan romanyň «wagtyň synagyndan geçen eserdigi» bellenilýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl bu romanyň ilkinji gezek çap ediljek bolanyna 50 ýyl dolýar.

Mihail Bulgakow bu eserini 1928-nji ýyl töwereginde ýazmaga başlaýar we «Ussat we Margarita» derrew onuň esasy pikir-aladasyna aýlanýar. Emma ol stalinçi Orsýetde özüniň ýazyjy hökmünde geljeginiň ýokdugy baradaky pikire berlip, 1930-njy ýylda bu romanyň ilkinji taslamasyny ýakyp ýok edýär.

Edebiýatçy Sam Jordisonyň pikirine görä, ýazyjynyň bu pikiriniň jany hem ýok däl, sebäbi Bulgakow şol döwürde kommunistik partiýanyň liniýasyny goldamakdan aç-açan boýun gaçyran tanymal şahsyýet bolupdyr we ikiçäk gürrüňdeşliklerde özüniň «doly aklara duýgudaşlyk edendigini» aýdypdyr.

Emma, nähilidir bir sebäpler esasynda, Stalin oňa degmändir. Bulgakow 1940-njy ýylda, 49 ýaşynda, nesil yzarlaýan böwrek kesilinden ölüpdir.

Ýöne şol wagt ol bu eserini tasdan diýen tamamlan eken. Onsoň ol ony başarsa, mümkin boldugyça çalt, neşir etmegiň planyny düzüpdir. Emma dostlary, maşgalasy onuň bu plandan örän howatyr edipdir.

Ahyr netijede, «Ussat we Margarita» ilkinji gezek 1966-njy ýylda, agyr senzuradan geçirilip çap edilýär.

Emma romanyň doly görnüşi samizdat görnüşinde ýaýrap, elden-ele geçirilip okalypdyr we bir ýyl soň, 1967-nji ýylda, Maýkl Glenniniň terjimesinde, günbatar okyjylarynyň kitap tekjelerine baryp ýetipdir.

Ýazyjy Wiw Groskop bu eseriň özüne «milleti, döwleti bulaşdyrmagyň nähili aňsatdygyny görkezendigini» aýdýar.

“The Guardian” neşiri bu romanyň Orsýetde we dünýäde ýyl-ýyldan uly meşhurlyk gazanyp, günbatarda dürli pikirli ýazyjylara we jemgyýetçilik wekillerine öz täsirini ýetirendigini belleýär.

Azatlyk radiosy öz okyjylaryna häzir dünýäde iň köp okalýan, şonuň bilen bir wagtda-da edebiýatçylaryň we filosoflaryň soňsuz çekişmesiniň obýektine öwrülen ussat ýazyjynyň belli eserinden käbir sitatalaryň terjimesini öz okyjylyrna hödürlemegi makul bildi.

***

Biz seniň bilen başga-başga dillerde gürleşýäris, emma hemişe bolşy ýaly, munuň üçin biziň gürrüňini edýän zatlarymyz üýtgemeýär.

Çakyrdan, oýundan, owadan aýallardan we nahar başyndaky söhbetdeşliklerden gaça durýan erkeklerde bir ýaşyryn ýakymsyzlyk bar. Bu hili adamlar ýa agyr keselli, ýa-da töweregindäki adamlary bildirgisiz ýigrenýärler.

Dünýäde ýaramaz adam ýok, diňe betbagt adamlar bar.

Hemme zat gowy bolar, dünýä şunuň üstünde gurlan.

Siz adama eşigine garap baha berýärsiňizmi? Hiç wagt beýle etmäň. Siziň ýalňyşmagyňyz mümkin, onda-da gaty uly ýalňyşmagyňyzmümkin.

Hiç wagt hiç zady dilemäň! Onda-da özüňizden güýçlilerden hiç wagt hiç zady soramaň. Özleri teklip eder we özleri hem berer.

Söýýän adam öz söýýäniniň ykbalyny hem paýlaşmaly.

Hakykaty aýtmak ýeňil we ýakymly.

— Gorkaklyk - adamyň iň aýylganç dertleriniň biri.
— Ýok, meň muňa garşy çykmakdan çekinmeýärin. Gorkaklyk – adamyň iň aýylganç derdi.

Hiç wagt hiç zatdan gorkmaň. Bu paýhasdan däl.

Iň aýylganç öýke-kine güýçsüzliköýkesidir.

Düşüniň, dil hakykaty ýaşyryp biler, emma göz – hiç haçan!

XS
SM
MD
LG