Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap: Elektrik hasaplaýjylary oturtmak talap edilýär


Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde elektron görnüşdäki täze elektrik hasaplaýjy enjamlar.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde elektron görnüşdäki täze elektrik hasaplaýjy enjamlar.

Soňky döwürlerde Lebap welaýatynyň elektroenergiýa gözegçilik edarasynyň işgärleri, ilatdan we kärhanalardan özlerine degişli jaýlarda we binalarda elektron görnüşdäki täze elektrik hasaplaýjy enjamlary oturtmagy talap edýärler. Bu talap soňky günlerde has ýitileşdi. Bu tagalla, esasanam, welaýatyň paýtagty Türkmenabatda göze ilýär.

Garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri ilatyny mugt elektrik tok bilen üpjün edip gelýän Türkmenistanda, häkimiýetler bu çäräni ýurduň bazar ykdysadyýetine geçiş tagallasy bilen düşündirse-de, aslynda bu çärä ýurduň ykdysady ýagdaýynyň barha ýaramazlaşýandygynyň alamaty hökmünde garaýanlar hem bar.

Elektron görnüşdäki elektrik hasaplaýjy enjamyň bahasy we ony oturtmagyň özi takmynan 130 -150 manada barabar bolýar we şol enjamlaryň hökmany ýagdaýda döwlet edarasyndan satyn alynmagy talap edilýär.

“Ýagdaýyň bolmasa, duýduryşyň peýdasy ýok”

Bu iş hökümet üçin goşmaça girdeji çeşmesi bolsa-da, ilat üçin çykdajyly we şonuň üçinem ol ilaty gorkuzýar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir lebaplylar bu ýagdaýyň häzirki agyr ykdysady şertlerde özleriniň maşgala býujetine agram salýandygyny aýdýarlar.

“Ol enjamy dakdyrmak üçin häzirki gün meniň ykdysady ýagdaýym ýetenok. Eger özleri dakyp, soň puluny alsalar, men dakdyrjak” diýip, özüni Babanur diýip tanadan 40 ýaşlaryndaky türkmenabatly ildeşimiz aýdýar.

Babanur, şol täze elektrik hasaplaýjy enjamy dakdyrmaly diýip, özüne ençeme gezek duýduryş kagyza gol goýdurylandygyny, emma ýagdaýyň bolmasa, duýduryşyň peýdasynyň ýokdugyny aýdýar.

Häzirki wagtda işsiz bolansoň, Babanuryň maşgalasynyň eklenji ejesiniň pensiýasyna bagly, ol pensiýanyň möçberi bolsa 200 manada barabar. Onsoň, edil Babanur ýaly, bu meselede Türkmenabadyň beýleki ýaşaýjylary hem aladaly.

Elektrik togy ýygy-ýygydan “kesilýär”

Olary diňe enjamlary oturtmak üçin ediljek çykdajylar däl, eýse ol enjam oturdylansoň, näme boljagy hem alada goýýar.

Özüni Ahmet diýip tanadan beýleki bir türkmenabatly ildeşimiz, Azatlyk Radiosyna bu meselede beren gürrüňinde şeýle diýýär: “Şu güne çenli bizde hasaplaýjy bolmady, ýylda gelip, meniň tok ulanyş nokatlarymy hasaplap, artykmaç ulanylan toga görä tölegiň möçberini kesgitläp gidýärdiler. Indi bolsa hasaplaýjy goýdur diýýärler” diýip, 45 ýaşlaryndaky Ahmet gürrüň berýär.

Ahmediň aýtmagyna görä, “bir-iki gezek tölegi gijikdireni üçin onuň togunyň kesilen wagtlary hem bolupdyr”. Şeýle-de soňky döwürde şäherde elektrik togy hem oýnap dur, onuň tomsuň yssy we gyşyň bolsa doňduryjy sowuk günlerinde kesilýän wagtyna hem ýygy-ýygydan duş gelinýär.

“Bu gaty agyr jogapkärçilik”

Ahmet hökümet edarasynda işçi we onuň aýlyk girdejisi 700 manat bolup, onuň aýlygy hem mydama wagtynda berlip durmaýar. Üssesine, ol üç çagaly maşgalasynyň ýeke-täk ekleýjisi. Onsoň Ahmet 130-150 manatlyk hasaplaýjy dakdyrmagyň özi üçin kyn boljagyny aýdýar.

Öýlerde we kärhanalarda elektrik ölçeýji enjamlary oturtmak tabşyrylan adamlar bolsa, şeýle ýagdaýdan özleriniň habarlydygyny, emma ýokardan berlen plany dolmakdan başga çäreleriniň ýokdugyny aýdýarlar.

“Maňa günde plan boýunça on sany täze hasaplaýjy goýmaly diýýärler. Men ony ilata aýdyp çyksamam, oňa ýagdaýy ýetýän bar, ýetmeýän bar. Düşündiriş işlerini geçirýän, duýduryş berýärin, başga näme edeýin? Ondan daşgary aýda 15000 manat toplap tabşyrmaly, bu gaty agyr jogapkärçilik” diýip, özüni Atajan diýip tanadan 25 ýaşlaryndaky ildeşimiz aýdýar.

Atajan Azatlyk Radiosyna bu talaby berjaý etmegi başarmadyk gözegçilere garşy berk çäre görülýändigini, soňky 1,5 ýylyň dowamynda hut öz işleýän edarasyndan 20-ä golaý gözegçiniň işden çykarylandygyny gürrüň berýär.

Ýeri gelende aýtsak, öýlerde we kärhanalarda elektrik enjamlaryny oturtmak işi paýtagt Aşgabatda hem dowam edýär.

XS
SM
MD
LG