Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Türkmenistan gözegçilik astyndaky ýurtlaryň sanawynda


Aşgabatdaky "Ärtogrul Gazy" metjidi.
Aşgabatdaky "Ärtogrul Gazy" metjidi.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti dini azatlyklar bilen ilteşikli problemalaryň artandygyny aýdyp, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň we başga-da birnäçe ýurduň gözegçilik astyndaky ýurtlaryň sanawyna goşulandygyny habar berýär.

15-nji aprelde Döwlet departamentiniň metbugat wekili John Kirby tarapyndan mälim edilen bu çäre Birleşen Ştatlaryň hökümeti tarapyndan amala aşyrylýan hyzmatdaşlyklaryň we ýardam programmalarynyň ençemesini çäklendirýär.

Muňa garamazdan, Kriby “Birleşen Ştatlaryň möhüm milli bähbidi” diýip, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň şeýle çäklendirmelerden boşadylyp biljekdigini aýtdy.

“Aýratyn aladalanma döredýän ýurtlaryň” sanawyna goşulan beýleki döwletleriň arasynda Birma, Hytaý, Eritreýa, Eýran, Demirgazyk Koreýa, Sudan we Saud Arabystany bar.

Kirby bu ýurtlaryň näme sebäpden agzalýan sanawa goşulandygy barada jikme-jik maglumat bermedi. Emma soňky ýyllarda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Täjigistan, Özbegistan we Türkmenistan dürli yslamçy ekstremizm howpy bilen ýüzbe-ýüz boldy.

XS
SM
MD
LG