Türkmen migrant zähmetkeşleriň aglabasy Türkiýede. Olaryň köpçüligini zenanlar emele getirýärler. Şeýle-de, olaryň aglabasy bikanun ýagdaýda ýaşaýarlar.
Degişli dokumentleri bolmadyk şeýle raýatlaryň hak-hukugyny goramak mümkinçiliginiň çäkli bolşy ýaly, olaryň kyn ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolmak howpy hem güýçli.
Eýse, Türkiýede bikanun ýagdaýda zähmet çekýän zenanlarymyzyň iş şertlerinde, gündelik durmuşynda nähili oňaýsyz ýagdaýlar ýüze çykýar? Şeýle ýagdaýda olaryň öz hak-hukuklaryny goramak üçin nähili mümkinçilikleri bar?
Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny 8-nji mart Halkara aýal-gyzlar güni mynasybetli zähmet migrant bolup işleýän türkmen zenanlarynyň hak-hukuklaryna hem ýaşaýyş we iş şertlerine gönükdirýär.
Bu temada taýýarlanjak gepleşige gatnaşmak isleýänler hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmal.com elektronik hat salgylarynyň üsti bilen Azatlyk Radiosyna ýüzlenip bilerler. Teswirleriňizi bolsa aşakdaky foruma ýazyp bilersiňiz.