ÝHHG şu hepdäniň başynda polisiýanyň Belarusda žurnalistlere hüjüm etmegini ýazgardy.
ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç 27-nji ýanwarda beýanat çap edip, Minsk häkimiýetleriniň Pawal Dabrawolskiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge çagyrdy.
Tut.by habar websaýtynyň žurnalisti Dabrawolski 25-nji ýanwarda Minskde sud binasynyň içindäki protest barada material taýýarlaýarka polisiýa tarapyndan urlup-enjildi.
Soňra ol tussag edildi we şol sud tarapyndan bozgaklykda we polisiýa gulak asmazlykda aýyplanyp, jerime tölemeli edildi.
Dabrawolski polisiýanyň öz telefonyndaky ýazgylary hem öçürendigini aýdýar. Miýatowiç bu ýagdaýy kabul ederliksiz diýip atlandyrdy we polisiýanyň žurnalistleriň işine kömek bermelidigini, olara päsgelçilik döretmeli däldigini aýtdy.