Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jeren barada oda


Jeren.
Jeren.

Filosofosiýada soňy boş jedele ýazyp gidýän; “Towuk öň döräpmi ýa-da ýumurtga?” diýen sowal bar. “Jerenim” diýen halk sazyny diňläniňde, “saz öň döräpmi, söz” diýen sowal ýadyňa düşýär.

Iki dürli “Jeren”

“Jerenim” diýen halk aýdymy bar. Ony ussat bagşylar Soltan Atanepes hem-de Aşyrmämmet Dawut aýdýarlar.

Saz barada aýdylanda, Pürli Sary bilen Ýagmyr Nurgeldi ýaly halypalar düýbünden başga “Jereni” döredýärler. Bu aýdym hem şol at bilen çalynýan saz örän kämil. Ony ýetişen bagşy-sazanda başarýar.

Saz hem aýdym: olar biri-birinden owadan hem zyýada. Gürrüň edişlerine görä, bu aýdymy meşhur Çowdur bagşy döredipdir. Bolup biler, onuň beýik ussadyň elinden çykandygy belli.

Nebitdagly bagşy hem sazanda Nurmuhammet Garly şeýle gürrüň berdi.

– “Jerenimi” Çowdur kör aýdýarka, “Eý-boý!!!” diýip gygyranda, adamlaryň teni jümşüldäp gider ekeni.

Elbetde, Çowdur kör “Eý-boý!!!” diýip gygyrýan däldir. Gygyrsa ol aýdym bolmazdy. Belki, bozlaýandyr ýa başga bir owazdyr. Ýöne düşnükli bolmagy üçin, şeýle diýilýän bolmagy mümkin.

Ýene Nurmuhammet Garlynyň sözüne dolansak, Aşyrmämmet Dawut “Eý-boý!!!” diýeninde, beýle täsir döredip bilmeýärmiş. Nähilem bolsa, öz döwründe Aşyrmämmet Dawut ol aýdymy şeýle belent derejä ýetirdi. Başga hiç kim “Jereni” şeýle çeküwli aýdyp bilmedi.

Dag bilen düz

Bu ajaýyp eser şeýle meşhur bolsa-da, ýerli häsiýete eýe. Oňa Garajaoglanyň mekany bolan Kürendag sebitleriniň bagşy-sazandalary ýüzlenýärler. Şol sebitiň adamlary aýratyn hormat bilen ony “Jereni kyblam” diýip atlandyrýarlar. Aşyrmämmet aga-da, Soltan akga-da “Jereni kyblam” diýip aýdýar.

Aýdymda dag bilen düzlük aralygyny ýada salýan şeýle setirler bar.

Uzakdan ak bolar jereniň özi,

Depesinde bardyr goşa boýnuzy,

Seýil edip gelendir dag bilen düzi,

Biziň ýeriň jerenidir jereni.

Mundan aşakda ýene şeýle diýilýär.

Jeren gezer dag başyna dolanyp,

Dolanyban çeşmelerden suwlanyp…

Jeren gözelligiň hem çalasyn ýyndamlygyň iň gowy mysaly saýylýar.

Arap atym, ýüwrük tazym öldüren

Öz ilimiň jerenidir jereni.

Görşümiz ýaly, jerene bolan guwanç örän beýik. Ol bir aw oljasy bolman, eýsem tebigatyň täsin gözelligi. Arap ata, ýüwrük taza ýetdirmeýän jeren diňe gözüňde galyp bilýär.

“Jerenim” saz meselesinde hem şeýle.

Saz eseri

“Jerenim” diýen halk sazyny Pürli Sary aşa ussatlyk bilen çalýar. Ol şeýle bir takyk hem düşnükli welin, ussat saz notasyndan çalýan ýaly duýulýar. Ýagmyr Nurgeldi örän mylaýymlyk bilen haýran galdyrýar. Şol sazlary diňläniňde Çowdur bagşy, megerem, şeýleräk ussatlyk bilen aýdandyr diýip çaklaýarsyň.Ýeri gelende aýtsak, ylmy çeşmeleriň maglumatyna görä, Püli Sary ýaş wagtynda Çowdur bagşynyň ýanynda gyjakçy hem bolupdyr.

Bu mukamyň ikinji bir geň tarapy, şol saz öňürti döredimilä ýa-da goşgy diýen sowal hyýalyňa gelýär. Sebäbi olary aýry-aýrylykda diňleseň, hersi bir eser bolup dur.

Bu ýerde, elbetde, goşgy öň dörändir diýiljegi belli. Sebäbi ol “Saýatly-Hemra” dessanyndan gelýär. “Saýatly-Hemra” bolsa bilşimiz ýaly, Jahanşa Hakykynyň durmuşy bilen baglanyşykly ýüze çykyp, öz gözbaşyny XV asyrdan alyp gaýdýar. Ýatlanan bagşy-sazandalaryň hyzmaty bolsa XX asyra degişli.

Ýöne sungat meselesinde asyrlaryň onçakly parhy ýok. Sazdan aýdym döräp biler, aýdymdan hem saz. Bilermenleriň aýtmagyna görä, örän gadymy saz bolan “Hajygolagyň” äheňinde, soňlugy bilen birnäçe aýdym aýdylýar. “Balsaýat” halk aýdymynyň esasynda, soňra adybir saz döredilipdir.

Nähilem bolsa, “Jerenimde” saz bilen söz edil bal bilen ýag ýaly goşulyşýar. Ol tebigat gözelligini beýan edýän oda.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG