Şahyr Paýzy Oraz diýlende, onuň bir sözi ýada düşýär. 60-njy ýyllaryň başynda, Ýazyjylar birleşiginiň nobatdaky gurultaýy geçipdir. Söz nobatyny gaňryp almak islän Paýzy Oraz galkyp ýerinden turýar-da, öňe okdurylýar. Tribuna barýarka:
– Ýaşlar, meniň yzym bilen, öňe! – diýip, elini bulap gygyrýar.
Elbetde, onuň çakylyga ýerinden turup bilen bolmandyr.
Galkynyş
Rus ýazyjysy Ilýa Erenburgyň jaýdar belleýşi ýaly, N.S. Hruşewiň jemgyýete getiren maýylganlygy ýaşlaryň, täze nesliň birden ösüp öňe çykmagyna itergi berdi. XX asyryň medeniýetiniň 2-nji ýarymynda özüni tanadyp bilen nesil esasan şol döwürde öňe çykdy. Bu ýyly akym türkmen edebiýatyna-da täsirini ýetirdi. Ýazyjy-şahyrlar K. Gurbannepesow, N. Jumaýew, M. Seýidow, A. Haýydow, tankytçylar Ö. Abdyllaýew, A. Myradow şol döwürlerde orta çykdylar hem täze edebiýaty döretdiler.
Bu ýagdaý rus edebiýatynda has hem güýçli boldy. Ýöne olarda A. Twardowskiý ýaly örän talantly hem guramaçy adam bolupdy. A. Twardowskiý döwrüniň iň gowy şahyry bolmak bilen birlikde, örän oňat redaktordy hem gowyny goldamaga ýeterlik abraýy bardy.
Bizde bolsa şindizem möhüm orunlarda öň Staliniň waspçylary bolan intelligensiý oturýardy. Şonuň üçin köp zat öňki-öňküligine dowam edýärdi. Ýaşlara ýol gerekdi. Paýzy Oraz öňe okdurylyp, şol mümkinçiligi gazanmakçydy.
Şahyr gazallarynyň birinde şeýle ýazdy: «Biraz göze ilemden, gaplap aldy garşylyk». Ondan soňra ýaňsyly äheňde: «Abraýyny “kitleriň” “bilmän” ýykaýypdyryn» diýýär. Diýmek, ol “kitleriň” abraýyny bilip ýykypdyr.
Şahyryň sözi
Ol sözlän sözünde däl, iş ýüzünde hakykaty aýtmagy başarypdyr. Paýzy Oraz hökümet hem partiýa ýolbaşçylarynyň ýurdy dolandyryp bilmeýändiklerini, ýokary gatlagyň arasynda eden-etdiligiň, tireparazlygyň hem parahorlugyň ösendigini açyk aýdyp bilipdir.
Onuň tankydyndan degerli netije çykaryp, nähilidir çäre görendirler diýmek kyn. Nähilem bolsa ol gadagan edilen zady – dogry tankydy aýtdy. Ol öz garaýşyny ençeme deliller bilen birlikde gös-göni SSKP Merkezi Komitetine ýazypdyr hem eserlerinde beýan edipdir.
Şahyr adalatly, deň hukukly jemgyýet döredip boljakdygyna berk ynanypdyr. Syýasy däl-de, eýsem halk partiýalaryny döretmegiň zerurlygyny öňe sürüpdir. Partiýa ýolbaşçylarynyň haýsydyr bir syýasy ideala däl-de, halkyň bähbidi ugrunda göreşmelidigini, öz halkyna hyzmat etmelidigini ileri sürüpdir.
Şert dörediň, galplyk läşin sereýin!
Şert dörediň, öň baýdagyn gereýin!
Şert dörediň, aňk edeýin dünýäni!
Şert dörediň, hudaý bolup bereýin!
Onuň “şert dörediň” diýdigi, “maňa ýol beriň” diýmegidi. Ol taýýar aşyň eýesi bolmak islänok. Ol Adalaty mert durup, göreşip gazanmalydygyna düşünýär hem diňe mertligiň hasabyna gowy geljegi gazanyp boljakdygyny aýdýar.
Mert kişiler – arkadagy her iliň,
Merdi ýok il, il däldir-de, sürüdir.
Eýsem, halk üçin bir ýa iki däl, köp mert kişiler gerek. Şahyryň pikiriçe, şol mert kişileri döwür hem durmuş öňe çykarmaly.
Köli derýa, derýany – çaý, sil dograr,
Hasyly ýer, ýeri kätmen – pil dograr.
Akyl – ylmy, ylym dorar akyly,
Ýolbaşçyny döwür, durmuş, il dograr.
Ýowuz çäreler
Türkmenistanyň ýolbaşçylary şahyryň tankydyndan baş çykaryp biljek däldiler. Onuň talaplary düzedip bolardan has agyrdy. Munuň üstesine, wezipe eýelänleriň hiç biriniň ýumşak kürsüsinden gitmek niýeti ýokdy.
Döwür azda-kände özgeripdi. Paýzyny “halk duşmany” diýip, sowuk Sibirden çykarmaga ýa-da “üçlügiň” karary bilen gös-göni oka tabşyraýmaga olarda hukuk ýokdy. Şonuň üçinem ony akyly çaşanlykda, psihiki taýdan näsaglykda aýypladylar hem dälihana dykdylar. Ondan ýuwaşlyk bilen dynmak islediler.
Paýzy Oraz berk yzarlanmalara duçar boldy. Ony Aşgabadayň hem Moskwanyň psihiki näsaglar keselhanalaryna saldylar.
Jemgyýetiň berk goldawy bilen ol erkinlige çykyp bildi. Ýöne söz alyp, hakykaty aýdyp bilmedi.
Hudaýberdi Hally, ýazyjy.
Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.