Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pariž hüjümleriniň syýasy, sosial täsirleri bolar


Fransuz esgeri.
Fransuz esgeri.

Fransiýanyň paýtagtynda 13-nji noýabrda harby däl ýerlere edilen hüjümleri amerikan prezidenti Barak Obama "siwilizlenen dünýä edilen hüjüm" diýip atlandyrdy. 2004-nji ýyldan bärde Ýewropada bolan iň agyr ýitgili terrorçylykly hüjüm immigrantlara garşy syýasy güýçleri kuwwatlandyryp, hökümetler arasynda izolýasionizmi artdyrdy, musulmanlara gönükdirilen duşmançylykly duýgulary güýçlendirdi.

Pariž hüjümlerine gatnaşanlaryň iň bärsinden biriniň siriýaly bosgunlar bilen Ýewropa gelendigi baradaky habarlar käbir hökümetleriň bosgunlara garşylygynyň artmagyna getirdi.

Bosgunlary ýurda goýbermezlik üçin soňky aýlarda Wengriýa bilen iki sany goňşy ýurduň arasyna tikenli sim çeken Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban 16-njy noýabrda bosgunlara goşulyp, näçe terroristiň Ýewropa Bileleşigine gelendigi belli däl diýdi.

“Elleri Ipadly”

"Bir terrorist-de köp" diýen Orban Ýewropa Bileleşiginiň migrantlary kwota boýunça agza döwletlerde ýerleşdirmek plany bikanun, bu iş "terrorizmi Ýewropa ýaýradar" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Polşanyň goranmak ministri Witold Waszczykowski hem 15-nji noýabrda Gresiýa "elleri Ipadly" gelýän "on müňlerçe ýaş adamlary" munuň deregine bir goşun edip, "ýurtlaryny azat etmekleri üçin" yzlaryna Siriýa ibermeli diýdi.

Polşanyň 16-nji noýabrda häkimiýet başyndan aýrylan öňki hökümeti geljek iki ýylyň içinde siriýaly we eriteriýaly bosgunlardan ýedi müň adamy kabul etmegi Ýewropa Bileleşigine wada edidpi.

Pariž hüjümleri nemesleri üstümizdäki ýyl Germaniýa gelen ýüz müňlerçe bosguny gowy garşylamaga çagyran Germaniýanyň kansleri Angela Merkeli hem gysyş astyna salsa gerek.

"Ýigrenç wagyzçylaryny"

Birleşen Ştatlarda respublikanlaryň prezidentlik kandidaty Jeb Buş Amerika ünsüni Siriýada ýanalýan hristianlardan "bir çäkli sany" kabul etmäge gönükdirmeli diýdi.

Pariž hüjümlerinden bäri bosgunlary kabul etmäge bolan garşylyk bilen birlikde musulmanlara duşmançylykly garaýyşlar-da artýar. 2015-nji ýylda Ýewropa Bileleşigine geler diýip çaklanýan bir million çemesi bosgunyň dini, esasan, yslam.

Fransiýanyň aşa sagçy lideri Marine Le Pen telewideniýede eden çykyşynda Fransiýa yslamçy guramalary gadagan etmeli, çet ýurtly "ýigrenç wagyzçylaryny", bikanun immigrantlary ýurtdan kowmaly, şeýle hem konserwatiwleriň metjitlerini ýapmaly diýdi.

16-njy noýabrda prezident Obama Türkiýede eden çykyşynda Amerika kimleri bosgun hökmünde kabul edip-etmezlik barada dini synag goýmaly däl diýse-de, yslam toplumlary ýaşlar radikal ynançlara "ýolukmaz" ýaly köpräk tagalla sarp etmeli diýdi.

Musulmanlara gönükdirilen duşmançylykly duýgular käbir ýerlerde gazaply hereketlere öwrüldi.

Täze gelen migrantlar

Ukrainanyň öten ýyl Orsýet tarapyndan basylyp alnan Krym ýarymadasynyň Zawet-Leninskiý şäherinde hepdäniň ahyrynda bir metjide hüjüm edilip, binanayň penjirelerine daş zyňyldy.

Makedoniýa-Serbiýa serhedine täze gelen migrantlar pariž hüjümlerinden bäri Ýewropada özlerine nähili garaljakdygy barada örän aladalydyklaryny bildirdiler.

Pariž hüjümleri syýasy liderleriň birnäçesiniň köpçülikleýin gyrgynçylygy öz üstüne alan "Yslam döwleti" toparyna garşy Siriýada berk harby operasiýalara geçmegi wada etmeklerine sebäp boldy.

Mysal üçin, Fransiýanyň premýer-ministri Manuel Wallsyň Fransiýa terrorizm bilen "uruşda" diýeni gury söz bolup galmady. 16-njy noýabrda ýurduň harby uçarlary Rakkany nyşana alyp, jeňçileriň gorhanalaryna, türgenleşik lagerine zarba urdular.

Synçylar

Howa zarbalary prezident Hollandyň Fransiýa Siriýada we Yrakda "Yslam döwleti" toparyna urýan zarbalaryny "güýçlendirer" diýen güni amala aşyryldy.

Ýöne Obama Amerikanyň "Yslam döwleti" atly toparyň jeňçileri baradaky strategiýasynda uly üýtgeşikligiň bolmajakdygyny belläp, Waşingtonyň ekstremistik topar bilen söweşmäge guryýer goşunyny ibermek niýetiniň ýokdugyny nygtady.

Käbir synçylar pariž hüjümleri günbatar döwletlerini Siriýada "Yslam döwleti" toparyna garşy berk hereketlere geçmäge mejbur eder diýen pikirden ugur alýarlar. Munuň Türkiýe tarapyndan teklip edilen demirgazyk Siriýada uçuş gadagan zona döretmek ýa Amerikanyň ýolbaşçylygynda Siriýada "Yslam döwleti" toparyna garşy söweşýän koalisiýa bilen Orsýetiň arasynda hyzmatdaşlyk ýaly zatlary öz içine almagy mümkin.

Fransiýanyň öňki prezidenti Nikola Sarkozi 15-nji noýabrda Holland bilen duşuşanyndan soň, "[”Yslam döwleti” toparyny] ýok etmek üçin hemme adam, şol sanda orslar-da gerek. Siriýada iki koalisiýa bolup bilmez" diýdi.

Serhetler ýapyldy

Holland özüniň öňümizdäki günlerde Obama bilen pikir alyşmak üçin Waşingtona, şeýle hem "Yslam döwleti" toparynyň salýan howpy barada Putin bilen gürleşmek üçin Moswa sapar etjekdigini bildirdi.

Fransuz prezidenti hüjümlerden az salym soň ýurtda adatdan daşary ýagdaý yglan edip, Fransiýanyň serhetlerini ýapdy, tutuş paýtagtda müňlerçe esger ýerleşdirdi.

Bular ýaly işler Ýewropanyň beýleki ýerlerinde, aýratyn-da Berlin, London we Rim ýaly uly şäherlerde hem edildi.

New Ýork şäheriniň Time skwerinde we Waşingtonyň dürli ýadygärliklerinde elleri awtomatly esgerler ýerleşdirildi.

Ýewropa döwletleri serhet geçelgelerinde pasport kontrollygyny we gatnawy kynlaşdyrýan beýleki çäreleri girizidiler.

Şengen zonasyna degişli ýurtlarda girizilen täze çäklendirmeler 1997-nji ýylda döredilen we 26 ýurdy öz içine alýan zona howp astynda diýen aladalara getirdi.

XS
SM
MD
LG