Owganystanda “Talyban” söweşijileri bilen owgan güýçleriniň arasynda bolan çaknyşyklardan soň, jeňçiler ýurduň demirgazygyndaky bir etraby basyp aldy.
Tahar welaýat häkimliginiň metbugat wekili Donatulah Taýmoryň 28-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, söweşijiler Owganystanyň Täjigistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän Darkad etrabynyň kontrollygyny ele geçiripdirler.
Bu barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýymerdanguly Myradynyň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.