“Yslam döwleti” atly toparyň jeňçileri Siriýanyň Palmyra şäherindäki gadymy ýadygärlikleri ýumurmagy dowam etdirýärler. Siriýanyň gadymy ýadygärlikler boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Maamnoun Abdelkarim biziň eýýamymyzyň 44-nji we 103-nji ýyllar aralygynda gurlan üç gadymy minaranyň partladylandygyny aýdýar. Ol bu minaralar Palmyranyň “iň gowy goralyp saklanan we iň owadan” minaralarydy diýýär. Palmyra şäherindäki “Baal Şamin” buthanasy we “Belyň ybadathanasy” şu ýylyň awgust aýynda partladyldy. Bu iki ýadygärlik hem biziň eýýamymyzyň birinji we ikinji asyrlarynda gurulypdy. Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türgenleşik we barlag boýunça instituty satellit arkaly düşürilen suratlary ýaýratdy. Bu suratlarda “Belyň ybadathanasyndan” diňe iki sütüniň galandygy öňe sürülýär. Bu sebitdäki gadymy ýadygärlikleriň häzirki ýagdaýyny görmek üçin aşakdaky karta göz aýlaň.