Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistandaky hüjümlerde 10 adam öldi


Duşenbe, 4-nji sentýabr, 2015 ý
Duşenbe, 4-nji sentýabr, 2015 ý

Azatlyk radiosynyň Täjik gullugy, Ozodi radiosy, resmi maglumatlara salgylanyp, paýtagt Duşenbede bolan üç ýaragly hüjümde 8 milisioneriň öldürilendigini, derňew işleriniň dowam edýändigini habar berýär.

IIM Wahdatda bolan hadysa bu şäheriň hassahanasynda huşsuz ýatan Umar Bobojonowyň işine dahylsyz diýýär.

Aeroport öwrümindäki hüjüm

Ozal Duşenbe şäheriniň aeroportunyň öwrüminde bolan atyşykda Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň pitnä garşy polisiýasynyň iki esgeriniň, döwlet awtoulag inspeksiýasynyň postda duran ofiseriniň öldürilendigi habar berlipdi. DAI-niň ýene bir ofiseriniň, ok atylýan ýaragdan alan ýarasy sebäpli, keselhana ýerleşdirilendigi habar berilýär.

Kanun goraýjy guramalardaky çeşmeler Duşenbedäki ýaragly hadysany tassyk etdiler we bu iş boýunça derňewiň başlanandygyny aýtdylar. Emma kanun goraýjy organlar hüjüm edenleriň şahsyýeti we ölenleriň sany barada doly maglumat bermediler.

Ozodi radiosynyň habarçylary wakanyň bolan ýerine baryp gördüler. Olaryň sözlerine görä, häzirki wagtda bu ýerde kanun goraýjy organlaryň we prokuraturanyň işgärleri derňew işlerini geçirýärler.

Ozodi radiosynyň çeşmeleri Duşenbe şäheriniň Şohmonsur etrabynyň Karategin posýologynda üç hüjümçiniň gözleginiň dowam edýändigini aýdýarlar. Habar berilmegine görä, güman edilýän üç hüjümçi şol töwerekde gizlenipdir.

Bu posýolok milisiýa tarapyndan gabalyp alyndy we ýerli ýaşaýjylaryň jaýlarynda gözleg-barlag işleri geçirilýär.

Şeýle-de, aerportuň öwrüminde we Wahdat şäherinde Içeri işler ministrliginiň bölümine edilen ýaragly hüjümleriň arasynda baglanyşygyň ýokdugy bellenilýär.

4-nji sentýabrda, çen bilen ir sagat 5.00-da Täjigistanyň Wahdat şäherinde IIM-iň bölümine hüjüm edildi. Resmi maglumata görä, hüjüm edenleriň ikisi öldürildi, üçüsi bolsa ýaralandy.

Wahdatdaky hüjüm

Baş prokuratura Duşenbeden 20 km gündogarda ýerleşýän Wahdat şäherinde milisiýa bölümine edilen hüjüm boýunça jenaýat işiniň açylandygyny we hadysanyň derňewiniň başlanandygyny habar berdi.

Ýurduň IIM-iniň maglumatyna görä, bu hüjüm çen bilen ir sagat bäşde amala aşyryldy. IIM bu hüjümiň Ziýowuddin Abdulloewiň ýolbaşçylygyndaky jenaýatçy topar tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdy.

«Bu hüjüm kanun goraýjy organlar tarapyndan yzyna serpikdirildi we netijede Ziýowuddin Abdulloew hem onuň iki ülpeti öldürildi, ýene üç hüjümçi bolsa ýaralandy» diýip, IIM-iň beýanatynda aýdylýar.

IIM Abdulloewiň şahsyýeti barada hiç zat aýtmaýan hem bolsa, Ozodi radiosynyň çeşmeleri onuň birnäçe hepde öň Wahdat şäheriniň Rohati milisiýa bölüminde işländigini habar berdiler diýip, Azatlyk radiosynyň Täjik gullugynyň websaýty ýazýar.

Aýdylmagyna görä, Abdulloew, nämälim sebäplere görä, içeri işler organyndan işden boşadylypdyr.

«Wahdat şäheriniň milisiýa bölüminiň daşynda demir gözenekli haýat gurlan, emma Abdulloew Rohati bölüminiň işgäri hökmünde özüni tanadyp, giriş punktuna geçipdir. Sebäbi postda duran ofiser ony ýüzünden tanaýan eken we işden boşadylanyndan habarsyz bolupdyr» diýip, Ozodi radiosy bilen söhbetdeş bolan raýat aýdypdyr.

«Azia-Plýus» agentligi, öz çeşmelerine salgylanyp, Wahdat şäherindäki milisiýa bölümine hüjüm edilende dört milisioneriň öldürilendigini habar berdi. Bu habar gullugynyň maglumatyna görä, hüjümçiler topary ilki Duşenbede bir goşun bölüminiň howlusyna girip, ol ýerden ýarag alypdyr we Wahdatdaky milisiýa bölümine hüjüm edipdir.

IIM milisiýa bölümine edilen hüjümiň wahdatly Umar Bobojanowyň işi bilen bagly däldigini aýdýar. 23 ýaşyndaky Bobojonow, Sankt-Peterburgda bir ýokary okuw jaýynyň studenti, garyndaşlarynyň tassyklamaklaryna görä, 28-nji awgustda içeri işler ministrliginiň işgärleri tarapyndan ýenjilip, agyr ýagdaýda keselhana ýerleşdirilipdir.

Ozodi radiosy Täjigistanda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigini habar berýär.

XS
SM
MD
LG