Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Içalyçylyk enjamlarynyň "söwdasy"


Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýew, Aşgabat, 29-njy mart, 2011 ý.
Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýew, Aşgabat, 29-njy mart, 2011 ý.

"Hacking team", ýagny Döwüş topary öz içalyçylyk programmasynyň Türkmenistanyň gizlin polisiýasyna “tanyşdyrylmagyna we hödürlenmegine” rugsat beripdir.

Bu habary Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary proýektiniň websaýty, syzyp çykan e-maýl aragatnaşygyna, elektron hatlaryna salgylanyp ýaýratdy.

RCS MEA JLT-niň, düýbi Dubaýda ýerleşýän internet firmasynyň söwda menejeri Vytas Celiesius 2012-nji ýylyň sentýabrynda "Häkiň" toparyndan Mario Bettini bilen alşan hatynda şeýle ýazýar:

«Salam, siz bilen Häkiň toparynyň enjamlaryny gaýtadan satmak meselesi barada maslahatlaşmak gowy boldy. Ozal gürleşişimiz ýaly, maňa ahyrky alyjy we edil häzirki pursatda nämeleriň gerekdigi barada maglumat bermäge rugsat ediň. Ahyrky alyjy Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi, 42144-nji Harby birikme.»

Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary proýektiniň websaýty Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň dokumentleşdirilen eden-etdilikleri bilen ýakasyny tanadan edaradygyny ýazýar.

Iki žurnalistiň türme azaby

Makalada aýdylmagyna görä, adam hukuklaryny goraýan «Freedom Now» topary BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasyna bu ministrligiň 2006-njy ýylda iki sany žurnalisti gynandygyny aýdypdyr:

«Bu adamlaryň ikisi hem Milli howpsuzlyk ministrliginiň deslapky tussaghanasynda çekip-çydap bolmajak şertlerde saklanyldy, olara Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň resmileri we türme sakçylary tarapyndan ejir çekdirildi” diýip, maglumatda aýdylýar.

«Freedom Now» toparynyň maglumatyna görä, “alty kwadrat metrlik kamerada 11 adam ýerleşdirilip, ol iki adam suwdan, azykdan, eşikden mahrum edilip, saglyk taýdan üns berilmän, hajathana we beýleki zerurlyklary ulanmaga rugsat edilmän saklanypdyr. Howanyň yssysy Selsiýa boýunça 50 gradusa ýetdi, bu iki adam teşnelikden halys ysgyndan gaçdy. Olara akyl-huşa täsir ýetirýän sanjym edildi, olar urlup-ýenjildi, eger hyzmatdaşlyk etmeseler, maşgala agzalaryna zyýan ýetjegini aýdyp gorkuzyldy” diýip, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarlygynyň edarasyna Türkmenistan barada berlen maglumatda aýdylýar.

Emma bu aýdylýan ýagdaýa garamazdan, "Hacking Team", Döwüş toparynyň işgäri Bettini Dubaýdaky araça şeýle jogap berýär: “Size biziň kararymyzy Türkmenistandaky ahyrky alyja ýetirmäge hem-de düşündirmäge doly ygtyýar berýäris... Eger gyzyklanma bolsa, biz Milanda ýa-da alyjynyň öz ýerinde harytlar bilen göni tanyşdyryşy hem üpjün ederis.”

Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary proýektiniň websaýtynyň ýazmagyna görä, bu "Hacking Team", ýagny Döwüş toparynyň türkmen içalyçylyk gullugy bilen ilkinji gezek aragatnaşyga girişi hem däl.

Ozalky synanyşyk

Mysal üçin, habarda aýdylmagyna görä, Ysraýylyň NICE tehnologiýa kompaniýasynyň işgäri Reuven Elazar 2013-nji ýylda Hacking Teamiň işgäri Massimiliano Luppi bilen habarlaşyp, oňa mümkin bolan internet alyjysy barada şeýle ýazýar:

“Türkmenistandaky ahyrky alyjy bizden teklipleri, kanuny döwüş çözgüdi üçin ulanyljak önümiň häsiýetnamasyny ibermegi sorady, biz ol materiallary rusça, 19-njy iýuna çenli ibermeli.”

Elazar biraz soň ahyrky ulanyjynyň «milli howpsuzlyk ministrligidigini, içeri işler ministrligi däldigini” anyklaşdyrýar.

"Hacking Team" bolsa, öz gezeginde, tehniki maglumatlary iberýär, emma görnüşinden, bu gepleşikler söwdalaşmak netijesini bermändir diýip, habarda aýdylýar.

Türkmenistanyň içalyçylyk tehnikasyny almak tagallalary baradaky makalanyň soňunda Merkezi Aziýanyň gaza baý, kiçijik ýurdunyň dünýäde iň bir repressiw ýurtlaryň arasynda agzalýandygy, Serhetsiz reportýorlar guramasynyň metbugat azatlygy baradaky hasabatynda bolsa, Demirgazyk Koreýanyň we Eritreýanyň gapdalynda durýandygy ýatladylýar.

XS
SM
MD
LG