Beýik eserleriň ömri uzak bolýar, has dogrusy, olar öz awtorlaryndan has uzak ýaşap, olaryň ikinji ömrüne öwrülýär diýen ynanç bar. Bu ynanç Wolter D. Wintliň wagt synagyndan geçen «Oýlanmak» goşgusyna-da degişli bolsa gerek.
Wolter D. Wintl (Walter D. Wintle) 19-njy asyryň aýagynda, 20-nji asyryň başynda ýaşan şahyr hasaplanýar. Emma onuň ömri, döredijiligi barada bilinýän zat juda az. Has dogrusy, bu goşgy bilen gelýän at şahyryň edebi lakamydyr öýdülýär.
«Oýlanmak» goşgusy «Başararyn diýýän adam» ady bilen hem bilinýär. Şonuň bilen birlikde, bu goşgynyň dürli wersiýalary, görnüşleri çap edilipdir. Hut şu sebäbe görä-de, olaryň haýsysy original, haýsysy soň timarlanan ýa-da üýtgedilen, bu hem belli däl.
Emma «Oýlanmagyň» 1905-nji ýylda, «Ýuniti» kollež žurnalynda çap edilen görnüşi originaldyr diýen berk ynanç bar.
Bu goşgy 1905-nji ýylda ilkinji gezek çap edileninden soň, 1916-njy ýylda, 1927-nji ýylda, 1931-nji ýylda, 1937-nji ýylda, 1940-njy ýylda çap edilýär we şu günlerem internet, sosial ulgamlar arkaly bir-birege geçirilýär, paýlaşylýar.
Awtoryndan has uzak ýaşan, has meşhur bolan, ýagny näbelli şahyryň belli goşgusyny türkmen okyjylaryna hem öz dillerinde okamaga mümkinçilik döretmek niýeti bilen, onuň iňlisçeden türkmençä geçirilen görnüşini çap edýäris.
Oýlanmak
Eger-de basyldym diýseň, basyldyň,
Het etmerin diýseň, etmersiň, belki.
Ýeňmegi isleseň, başarman diýseň,
Megerem şeýleräk boljakdyr seňki.
Eger utularyn diýseň - utuldyň,
Diňe gözlän tapýar dünýäň göçünde.
Üstünlik başlanýar erkinden kişiň,
Bularyň barysy beýniň içinde.
Aýagasty boldum diýseň, şeýlesiň,
Galmak üçin pikir etmeli beýik.
Sen özüňe ynanmaly öňürti,
Öňe çykmak üçin serpaýyň geýip.
Durmuşda hemişe çakgan ýa güýçli
Öňe saýlanmaýar seretseň siňe,
Emma irde-giçde ýeňiji bolar
Ýeňip biljegine ynanan diňe!