Häzirki günlerinde Aşgabatda howanyň temperaturasy selsiý boýunça 40 gradusdan hem ýokary geçýän mahaly, köçelerdäki käbir suw çüwdürimleri işledilmeýär. Şonuň bilen birlikde käbir suw çüwdürimlerindäki suwlaryň azalyp, guramak derejesine çenli ýetip barýandygy habar berilýär. Fotosergide Aşgabadyň Parahat-2 kiçi etrapçasyndaky we "Garaşsyzlyk seýilgähindäki käbir suw çüwdürimleri suratlandyrylýar.