Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku: Ýewropa oýunlarynyň öz nyrhy bar


Olimpia stadiony, Baku, 11-nji iýun, 2015
Olimpia stadiony, Baku, 11-nji iýun, 2015

2015-nji ýylda Ýewropa oýunlarynyň Bakuwda geçirilmegine degişli materiallaryň arasyndan Azerbaýjanda onlarça oppozision aktiwistiň we garaşsyz žurnalistiň türmede saklanmagy bilen bagly tankytlary tapmak örän kyn.

Prezident Ilham Alyýewiň hökümeti soňky döwürde başga pikirlilige basyşy güýçlendirdi, Amnesty International guramasynyň ýurtda işlemegini gadagan etdi we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyny ýurtdan çykardy. Üstesine, soňky wagtda ýurduň raýatlaryndan nägilelik köpelýär.

Raýatlaryň goşandy

Käbir döwlet işgärleri çen bilen 10 milliard dollara durýan gymmat bahaly we ýurduň taryhyndaky ilkinji Olimpiýa oýunlarynyň maliýeleşdirilmegine goşant goşmaga mejbur edilendiklerini aýdýarlar. Bu oýunlara 6000 çemesi ýewropaly sportsmen gatnaşar.

Mingýaçewir şäherinden bolan lukman özüniň işleýän keselhanasynda kärdeşleriniň her biriniň agzalýan çärä 100-500 manat aralygynda goşant goşmaly bolandygyny aýtdy. Bu 105 we 524 dollar aralygyndadyr.

“Her bölüm azyndan 2000 -5000 manat goşmaly” diýip, öz adynyň tutulmagyny islemedik lukman aýdýar.

“Şeýlelikde ýolbaşçy lukmanlar beýlekilerden pul toplamaly, pul tabşyrmak islemedikleriň bolsa işden kowuljakdygy barada gürrüň edilýär” diýip, lukman gürrüň berýär.

Mengýaçewiriň Saglygy saklaýyş departamentiniň ýolbaşçysy Ilham Mailow özüniň AÝ/AR-a beren interwýusynda lukmanlaryň sport çäresi üçin pul goşmaga mejbur edilýändigi baradaky maglumaty inkär etdi.

Käbir lukmanlaryň oýunlaryň bahasyny pasiýentleriň, ýagny öz hassalarynyň üstüne atmaga synanyşýandygy barada hem käbir maglumatlar bar.

Bakuwyň bir ýaşaýjysy geçen aýda “Lukmanym meniň iki aýlap, tä Ýewropa oýunlary gutarýança, mugt derman alyp bilmejegimi aýtdy” diýip, Facebook arkaly AÝ/AR-a habar berdi.

Huşsuzlyk keselinden ejir çekýän näsag, adatça, her aýda dört sany sanjym alýar. Olaryň her biriniň bahasy 400 manat çemesi, ýagny 381 dollara barabar.

Himiýa bejergisini alýan ýene bir näsagyň AÝ/AR-a aýtmagyna görä, ýurtda Ýewropa oýunlary geçirilip gutarýança döwlet tarapyndan özüne berilýän dermanlaryň diňe üçden bir bölegini alyp biler.

Saglygy saklaýyş ministrliginiň metbugat wekili Sefaýa Ahmedowa lukmanlaryň Ýewropa oýunlarynyň çykdajylary üçin pul toplap bilmeýändigi sebäpli näsaglara bolmalysyndan az derman berilýändigi ýa-da medisina hyzmatlarynyň azaldylandygy baradaky maglumatlary inkär etdi.

Emma Bakuwdaky uly sport çäresiniň çykdajylarynyň öwezini dolmak işine beýleki döwlet işgärleri hem çekilýäne meňzeýär.

Ykdysadyýet we senagat ministrliginiň işgärleriniň biriniň kakasy orta derejedäki beýleki döwlet işgärleri bilen bir hatarda öz oglunyň 800 manat möçberindäki aýlygynyň 250 manat azaldylandygyny aýtdy.

Bakunyň 'eli açyklygy'

Azerbaýjanyň Ýewropa oýunlaryny geçirmek hukugyna eýe bolmagyna belli bir derejede onuň 12-28-nji iýun aralygynda Bakuwda boljak oýunlara gatnaşýan sportsmenleriň we trenerleriň uçar biletlerini tölemegi wada bermegi sebäp bolupdy.

Azerbaýjan 2012-nji ýylda Bakuwda Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşligini geçirende-de bu çäräniň guramaçylygy üçin pul gaýgyrmandy.

XS
SM
MD
LG