Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde resmileriň ýurduň saglyk pudagyna uly ünsüň berilýälýändigi baradaky çykyşlaryny ýygy-ýygyndan eşitse bolýar. Häkimiýetler Türkmenistanyň dürli künjeklerinde "köp sanly", "döwrebap" desgalaryň gurulýandygyny tekrarlarýarlar. Şol bir wagtda, Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherindäki bu keselhananyň gurluşygy eýýäm iki ýyl bäri alnyp barylýar.