Birleşen Ştatlaryň resmileri, “Yslam döwleti” atly topar tarapyndan ulanylýan websaýtda ýurtda has köp hüjümleriň amala aşyryljakdygyna we onda geçen hepdäniň ahyrynda görkezilen Muhammet pygamberiň dawaly karikaturasynyň arkasynda duran musulmanlara garşy aktiwistleriň nyşana alynjakdygyna wada berýän täze maglumatlary derňeýärler.
6-njy maýda Nýu-Ýork şäher polisiýasynyň aýtmagyna görä, resmiler Tehasda geçirilen bäsleşigi guramalaşdyran “Amerikanyň azatlygy goraýan inisiatiwasy” atly guramanyň başlygy Pamela Gellere gönükdirilen ölüm haýbatyny derňeýärler. Gürrüňi edilýän bäsleşik iki yslamçy ýaragly adamyň çärä hüjüm etmegine we olaryň soňundan polisiýa tarapyndan atylyp öldürilmegine sebäp bolupdy.
Gürrüňi edilýän websaýtdaky maglumatda “zenany öldürmek üçin ähli ýolbarslarymyzy ugratmaga wada berýäris” diýmek bilen çäklenmän, “ýurduň dürli-dürli 15 ştatynda türgenleşdirilen 71 esger biziň tabşyrygymyz esasynda hüjüm etmäge taýýar” diýilýär.
Resmiler “Yslam döwleti” atly topar tarapyndan ulanylýan “JustPasteIt” websaýtynda çap bolan bu maglumatyň hakyky bolup-bolmandygyny tassyklap bilmändiklerini aýdýarlar.