Türkmenistanda Bedew baýramçylygy giňden, uly dabaralar bilen bellenilip geçilýär, ýöne synçylar türkmen seýisleriniň ýetişdiren ahal-teke atlaryna berilýän ünsi belläp, ýomut atlarynyň biraz ünsden düşürilýäne çalymdaşdygyny aýdýarlar.
Eýsem dünýäde resmi taýdan ykrar edilen at tohumlaryna girizilen ahal-teke atlary bilen ýomut atlarynyň nähili aýratynlyklary bar?
Azatlyk radiosy şu we beýleki meseleler bilen gyzyklanyp, Bedew baýramynyň geçýän günlerinde aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.