Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Facebook “Hello” atly täze tilsimini mälim etdi


Facebook.
Facebook.

“Facebook newsroom” websahypasy “Hello” atly täze tilsimini mälim etdi. Facebookyň “Messanger team”-y tarapyndan taýýarlanan bu tilsim arkaly facebook ulanyjylary özlerine jaň edýän şahsyýetler hakda has dolurak maglumata eýe bolup bilerler.

“Mobil telefonlar arkaly her gün millionlarça jaň edilýär we adamlarda köplenç özlerine jaň edýän şahsyýetler hakda örän az maglumat bolýar” diýip, Facebook bu tilsimi akylly telefonyna ýüklän ulanyjylaryň, ony Facebook hasaplary bilen baglanyşdyrmak arkaly ulanyp biljekdiklerini belleýär.

Facebook ulanyjylary mundan soň, özlerine jaň edýän şahsyýetler hakda has köpräk maglumaty okap, islemeýän jaňlaryny böwetläp, adamlary ýa-da dürli ýerleri gözläp bilerler. Şol bir wagtyň özünde ulanyjy diňe Facebookda dostalary jaň eden mahaly, olar barada giňişleýin maglumata eýe bolup biler.

Şeýlelikde, “Hello” tilsiminden peýdalanyp başlan ulanyjylar, özlerine jaň edýän adamlaryň telefon belgisi öz telefonyndaky sanawda, kontaktynda ýazylmadyk bolsa hem olar barada belli bir derejede maglumat alyp bilerler.

Ýakynda Facebook kompaniýasy, ulanyjylaryň “Messenger” bölüminden birek-biregine pul ugradyp we puly kabul edip biljekdigini hem habar beripdi. Emma Facebook-yň bu hyzmatyndan häzirlikçe diňe ABŞ-nyň çäginde ýaşaýan ulanyjylaryň peýdalanyp biljekdigi nygtalypdy.

XS
SM
MD
LG