Soňky döwür rus metbugatynda Owganystanda ýerleşýän söweşiji toparlaryň Türkmenistana howp abandyrýandygy aýdylyp, yzygiderli maglumatlar çap edilýär.
Şol maglumatlar diňe habar bilen çäklenmän, käbir rus synçylary abanýan şol howpa Türkmenistanyň aýak diräp bilmejekdigi we Orsýetiň Aşgabada kömek etmeginiň zerurdygy ýaly pikirleri orta atýarlar.
Käbir ýokary derejeli rus ýolbaşçylaryň metbugatda çap edilen pikirlerinden çen tutulsa, bu ugurda Aşgabada dürli teklipler hödürlenipdir, emma Aşgabat olary kabul etmän, aýak diräp gelýär, bu bolsa käbir rus ýolbaşçylarynyň çykyşlaryndan çen tutulsa, Moskwanyň nägileligine sebäp bolýar.
Türkmen-owgan serhedi barada rus metbugatynda yzygiderli çap edilýän habarlar we rus ýolbaşçylarynyň bu temadan edýän çykyşlary bolsa, günbatarda käbir gatlaklaryň arasynda "Orsýetiň Türkmenistandaky asyl maksady näme?" diýilen ýaly käbir soraglary döredýär. Azatlyk Radiosynyň nobatdaky ýörite gepleşiginde, ynha, şu temadan pikir alşylýar.
Programmanyň myhmanlary Orsýetiň Daşary Gatnaşyklar Geňeşiniň Owganystan boýunça eksperti Nikita Mendkovitch, Moskowanyň Ylymlar Akedimiýasynyň Merkezi Aziýa boýunça eksperti Dr. Artem Ulunian, ABŞ-nyň Owganystandaky harbylarynyň düzüminde gulluk eden we Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ekspert, häzirki döwür otstawkadaky podpolkownik Cheryl Garner we Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça analitigi hem žurnalisti Bruce Pannier dagy gatnaşýar.
Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.