BK(b)PMK (Bütinrussiýa Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň Merkezi Komiteti) 12.06.1924-de “Orta Aziýa respublikalarynyň milli bölünşigi hakynda” karar kabul etdi. Karar partiýa guramalarynda, halk köpçüliginiň arasynda yzygiderli ara alynyp maslahatlaşylýar. Soňra Türküstan MIK-niň (Merkezi Ispolnitel (ýerine ýetiriji) komitetiniň) adatdan daşary III sessiýasy, Sowetleriň Bütinhorezm V hem-de Sowetleriň Bütinbuhara V gurultaýlary Orta Aziýa respublikalarynda milli bölünşigi geçirmek hakynda karar kabul edýär. SSSR MIK-niň II sessiýasy (27.X.1924) karary tassyklaýar.
TSSR-iň taryhyndan

5
Türkmenistan SSR-niň Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça jarnama barada perman. Çeşme: "Sowet Gurultaýynyň dokumentleri" ýygyndysy, T.7, 1965

6
Türkmenistan respublikasynyň Sowet Sosialistik Respublikalarynyň Bileleşigine girmegi barada karar. Çeşme: "Sowet Gurultaýynyň dokumentleri" ýygyndysy, T.7, 1965

7
Türkmenistan we Özbegistan respublikalarynyň Sowet Sosialistik Respublikalarynyň Bileleşigine girmegi barada karar. Çeşme: "Sowet Gurultaýynyň dokumentleri" ýygyndysy, T.7, 1965

8
Türkmenistan we Özbegistan respublikalarynyň Sowet Sosialistik Respublikalarynyň Bileleşigine girmegi bilen baglylykda SSSR-iň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri girizmek barada karar. Çeşme: "Sowet Gurultaýynyň dokumentleri" ýygyndysy, T.7, 1965