Türkiýede daşary ýurtlular barada 2014-nji ýylyň 11-nji aprelinde güýje giren täze kanundan soň, bu ugurda goşmaça düzgünnamalaryň hem güýje girendigi dogrusynda dürli maglumatlar gelip gowuşýar.
Täze kanun üýtgeşikliklerine görä, Türkiýede bikanun ýagdaýda ýaşap hem işläp ýörenlere 2014-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli ýurtdan çykyp, ýagdaýlaryny kanunylaşdyrmak üçin mümkinçilik döredilmeginiň göz öňünde tutulýandygy aýdylýar.
Eýsem daşary ýurtlular baradaky kanun üýtgeşiklikleri Türkiýede ençeme ýyldan bäri bikanun ýagdaýda ýaşap hem işläp ýören türkmenistanlylar üçin nähili täze mümkinçilikleri döredýär?
Türkiýede ýagdaýyny kanunylaşdyrmak üçin watana dolanmak hem yzyna gelmek isleýän türkmenistanlylar şeýle kanuny üýtgeşikliklerden peýdalanmak üçin nähili hereket etmeli?
Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda Türkiýäniň daşary ýurtlular kanunyna girizilen üýtgeşiklikleriň Türkmenistana dolanmak ýa-da gidip-gelmek isleýänlere nähili mümkünçilikleri döredýändigini ele alýar.
Hemmeleri bu tema boýunça maglumatlary, garaýyşlary, sowallary bilen gepleşige hem şu foruma gatnaşmaga çagyrýarys. Habarlaşmak üçin biziň elektron hat salgymyz: hat@azatradio.org