Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Donetskdäki hüjümleri ýazgardy


Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” (HRW) guramasy Ukrainanyň hökümet güýçleri ýurduň Donetsk şäherindäki ilatly punktlarda kassetalaýyn bomba serişdelerini ulandy diýýär.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän gurama özüniň 20-nji oktýabrda beren maglumatynda ukrain hökümet güýçleri bilen orsparaz separatistleriň arasynda bolan çaknyşyklarda kassetalaýyn bomba serişdeleriniň “giňden ulanylandygy” dokumentleşdirildi diýýär. Şeýle-de, gurama kassetalaýyn bomba hüjümleriniň ondan gowrak territoriýada ulanylandygyny belleýär.

Şol bir wagtyň özünde gurama hüjümleriň ençemesiniň jogapkärçiligini kesgitlemäge mümkinçiligiň bolmandygyny aýdyp, Donetskde amala aşyrylan birnäçe kassetalaýyn bombaly hüjümlere Ukrainanyň hökümet güýçleriniň jogapkärdigini görkezýän “güýçli delilleriň” bardygyny belledi.

Ukrainanyň Goranmak ministrligi aýyplamalary “esassyz” diýip, ret etdi.

XS
SM
MD
LG