Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow we ak reňkiň syry


Ak telpekli prezident G.Berdimuhamedow ak guzularyň arasynda
Ak telpekli prezident G.Berdimuhamedow ak guzularyň arasynda

Soňky birnäçe günüň dowamynda Türkmenistanda ýokary derejeli resmileriň aglabasynyň gara reňkli döwlet ulaglarynyň ak reňkli “Mercedes” kysymly maşynlar bilen çalşylandygyny görse bolýar.

Köpçülikleýin ýagdaýda ak reňkli döwlet ulaglarynyň peýda bolmagy bilen bir hatarda Türkmenistanda ak reňke, “aklaşdyrmak” prosessine uly ünsüň berilýändigi, hut prezidentiň özüniň hem ak reňke has köp ýykgyn edýändigi göze ilýär.

Eýse, döwlet baştutanynyň ak reňke bolan gyzyklanmasyny nädip düşündirip bolar? Bu soraga orsýetli psihologiýa ylymlarynyň kandidaty, ençeme ýurduň döwlet sylaglarynyň eýesi Olga Mahowskaýa Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde jogap bermäge synanyşýar.

Azatlyk Radiosy: Olga, bir adamyň ak reňke has köp ýykgyn etmegine psihologiýada nähili düşündiriş berilýär?

Olga Mahowskaýa: Häkimiýet başyndaky adamlar barada aýdylanda, diňe bir adaty adamlaryň psihologiýasy nazaryndan çemeşlmek nädogry bolar. Bu [resmiler barada aýdylanda] goşmaça zatlary, giň manyny hem berip biler.

Ak reňke ýykgyn edýän bu adamlar aýratyn bir dili saýlap alýarlar. Olar ak reňke, adaty durmuşdan özlerini ýokary goýmak, beýlekilerden saýlanmak synanyşygy esasynda ýykgyn edýärler.

Ak we gara bu ritual reňklerdir. Olar aýratyn, ýörite bir wakalar üçin niýetlenendir. Bu reňkleri olar özleriniň deňsiz-taýsyzlygyny nygtamak, äşgär etmek, görkezmek üçin saýlaýarlar. Bu reňklere ahromatiki reňkler diýilýär.

Ak reňkiň üsti bilen resmiler özleriniň beýlekilerden has saýlanýandygyny nygtajak bolýarlar. Olar ak reňki saýlap, durmuş hakykatyndan üzňeleşýärler, başga bir reallyga geçmäge synanyşýarlar. Bu meselede Türkmenistanyň mysaly örän gyzykly.

Ak telpekli prezident G.Berdimuhamedow ak bedewiň üstünde.
Ak telpekli prezident G.Berdimuhamedow ak bedewiň üstünde.

Ak reňke ýykgyn edýänler ähli mümkinçiliklere eýedigini, şol bir wagtda-da hiç bir jogapkärçiligi çekmek duýgusynyň ýokdugyny nygtajak bolýarlar. Ýagny, bu onuň “Men ähli zady iselýärin, emma hiç zada jogap bermäge taýýar däl!” diýdigi bolýar.

Bu ego reaksiýasy adamyň edýän işine jogapkärçilik duýmaýandygyny aňladýar. Şol bir wagtda-da prezidentiň töweregindäki adamlaryň hem ak reňke ýykgyn etmegi olaryň öz ýolbaşçysyna ýaranmak isleginden başga hiç zat däl.

Şeýle-de Berdimuhamedowyň elli ýaşdan geçen erkek adamdygyny göz öňünde tutsak, ak reňke ýykgyn etmeklik, özüni bolşundan has ýaş duýmak islegi bilen hem düşündirse hem bolýar. Şeýle isleg agzalan ýaşdaky erkek adamlar üçin mahsus adaty bir ýagdaýdyr.

Psihologiýa taýdan biz onuň hatda aşyk bolandygyny hem çaklap bileris. Syn etseňiz, ol adatda özüne öýlenýän bir ýigidiň geýäýjek lybaslaryny saýlap alýar.

Biz, ýagny orsýetli psihologlar, ýurdumyzda [Orsýetde] oligarhlaryň we resmileriň arasynda bolýan tendenisýalary gowy bilýäris. 50 ýaşdan aşanlaryň ençemesi psihologiýada giçki ýetginjeklik ýaşy diýilýän sindroma uçraýarlar. Olar garrylygy inkär edip, özlerini ýaşlar ýaly alyp barýarlar.

Men adamzada mahsus bolan bu ýagdaýyň Türkmenistanyň prezidentine hem mahsus bolýandygyny çak edip biljek.

Eger-de ýatlap geçsek, ABŞ-nyň öňki prezidenti Bill Klinton hut şu ýaşynda söýgi meselesinde “ýoldan çykypdy”. Emma [türkmen prezidentine garanyňda], onuň daşynda has köp çäklendirme bolupdy. Muňa garamazdan, şol wagt ol hem ak geýimlere ýykgyn edýärdi. Dogrusy, olar oňa gelişmän hem duranokdy.

XS
SM
MD
LG