Düýbi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän “Central Asia fellowship”, ýagny "Merkezi Aziýa fellwoship" programmasy 2015-nji ýylyň ýaz möwsümi üçin Türkmenistandan we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan arzalary kabul edip başlady. Bu programma kabul edilenler 2015-nji ýylyň ýanwar aýynyň 15-den iýun aýynyň 15-ne çenli Birleşen Ştatlarda bolarlar we olara her aý 3 müň amerikan dollary möçberinde stipendiýa berler.
Bu programma kimler, nädip arza tabşyryp bilerler? Bu programma arza tabşyrmak isleýän türkmenistanlylardan nähili şertler talap edilýär?
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Sahra Ghulam Nabi bu soraglar bilen gyzyklanyp, “Central Asia fellowship” programmasynyň müdiri Marlene Laurelle bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Marlene, siziň programmaňyza nädip arza berip bolar?
Marlene Laurelle: Bu programma özünde Türkmenistanyň pasporty bolan ýaş türkmenistanlylar arza tabşyryp bilerler. Programma arza tabşyrmak isleýän türkmenistanlylar Türkmenistanda ýa-da Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda ýaşaýan bolmaly.
Bu programma arza tabşyrmak isleýän ýaş türkmenistanlylardan diňe üç sahypalyk derňew taslamasyny ýazmaklary talap edilýär. Ýagny, bu taslamada olar özleriniň haýsy tema boýunça işlemek isleýändikleri barada ýazarlar. Bu taslama Merkezi Aziýanyň häzirki zaman ýagdaýy bilen ilteşikli bolmaly.
Şeýlelikde ýaş türkmenistanlylar bize oktýabr aýynyň 1-ne çenli özleriniň CV-sini, goldaw hatyny we ýaňy agzalan derňew taslamasyny ugratmaly. Şondan soň, biziň ýörite komitetimiz ýygnanyp, öňümizdäki ýaz döwri üçin iki studenti saýlarlar we şol iki studentiň biri hem türkmenistanly ýaşlaryň arasyndan saýlanar.
Azatlyk Radiosy: Şu wagta çenli siz öz programmaňyza Türkmenistandan ýaşlary kabul etdiňizmi, ýagny programmaňyza türkmenistanly ýaşlar gatnaşyp gördümi?
Marlene Laurelle: Gynansak-da, şu wagta çenli biziň programmamyza arza tabşyryp, arzasy kabul edilen türkmenistanly student bolmady. Programmamyza studentler Türkmenistandan ýa-da Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan kabul edilýär. Emma biz şu ýyl programmamyza türkmenistanly bir studenti ýa-da alymy kabul etmek isleýäris. Şol sebäpden hem şu ýyl biz programmamyza kabul ediljek studentiň birini Türkmenistandan saýlarys we türkmenistanly studentlere öňürtilik, ýagny artykmaçlyk bereris.
Şol sebäpden hem şu ýyl Türkmenistandan arza tabşyrýanlaryň sany köp bolar diýip umyt edýärin. Sebäbi ýaňy hem belläp geçişim ýaly, biz şu ýylky, ýagny 2015-nji ýylyň 15-nji ýanwary bilen 15-nji iýuny aralygyny öz içine alýan ýazky programmamyz üçin kabul ediljek studentleriň birini türkmenistanly studentleriň arasyndan saýlarys.
Azatlyk Radiosy: Marlene, siziň pikiriňizçe, näme üçin ozal türkmenistanly studentleriň arasyndan siziň programmaňyza kabul edilen bolmady? Siziň pikiriňizçe, munuň näme sebäbi bolup biler?
Marlene Laurelle: Ilki bilen şuny belläsim gelýär, biziň programmamyza arza tabşyrýan türkmenistanly studentleriň sany Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan arza tabşyrýan studentleriň sanyndan hemişe az bolýar. Şol sebäpden türkmenistanly studentleriň bu programma kabul edilmegi olar üçin örän çäkli bolýar.
Emma şu ýyl biz ýaş türkmenistanlylar üçin ýörite mümkinçilik döredýäris. Bu, arza tabşyran türkmenistanlylaryň sany örän az hem bolsa, biz şolaryň arasyndan birini saýlap, ony hökman programmamyza kabul ederis diýildigi. Munuň netijesinde türkmenistanlylara aýratyn artykmaçlyk berlip, bu olaryň programmamyza kabul edilmek mümkinçiligini hem ýokarlandyrýar. Ýagny, diýeli, şu ýyl programmamyza 10 türkmenistanly arza tabşyrsa, olaryň biri hökman biziň programmamyza kabul ediler.
Şol sebäpden hem, men türkmenistanly ýaş studentleri we alymlary bu programma arza tabşyrmaga çagyrýaryn.
Azatlyk Radiosy: Marlene, siz öz beýanatyňyzda “Merkezi Aziýa Fellowship” programmasy öz derňewlerini we analitik ugurlaryny özleşdirip, öz ýurtlarynda jemgyýetçilik-syýasy liderler bolmak isleýän ýaş professional alymlar, hökümet işgärleri, syýasy ekspertler, adam hukuklaryny we demokratiýany gorap çykyş edýän aktiwistler üçin niýetlenendir diýýärsiňiz. Siziň pikiriňizçe, ýaş türkmenistanlylar şu belliklerden çekinip, arza tabşyrmakdan saklanýan bolup bilermi? Bu barada siz näme pikirde?
Marlene Laurelle: Şuny belläsim gelýär, ýaş türkmenistanlylaryň syýasy meseleler, demokratiýa meseleler ýa-da adam hukuklaryny goramak ugurlaryndan iş alyp baran bolmaklary hökmany däl. Olaryň öz ýurduny ösdürmek ugrundan işlän bolmaklary ýeterlik.
Ýagny, olar erkek-aýal gatnaşyklary boýunça ýa-da türkmen medeniýetini, oba-hojalygyny, ykdysadyýetini ösdürmek ugrundan ýa-da Türkmenistanda energetikany ösdürmek meselesinde işlän bolsalar hem bolýar. Umuman, olaryň diňe syýasat bilen ilteşikli meselelerde işlän bolmaklary hökmany däl, olar öz ýurtlaryny ösdürmek boýunça islendik meselede işlän bolup bilerler.
Azatlyk Radiosy: Marlene, türkmenistanly studentler haçana çenli bu programma arza tabşyryp bilerler?
Marlene Laurelle: Studentler 1-nji oktýabra çenli öz arzalaryny bize ugratmaly we oktýabr aýynyň ahyryna çenli biz olara netijeleri mälim ederis. Arzasy kabul edilen studentler 2015-nji ýylyň ýanwar aýynyň başynda Waşingtona gelerler.
Azatlyk Radiosy: Bu programma kabul edilip, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna baran studentler Waşingtonda näme ederler, ýagny olar näme bilen meşgul bolarlar?
Marlene Laurelle: Studentler 5 aýlap Jorj Waşington uniwersitetinde dürli derňew seminarlaryna gatnaşarlar we öz derňew taslamasynyň üstünde işlemekleri üçin derslere, seminarlara, konferensiýalara gatnaşarlar. Olaryň bu ýerde aýratyn ofisleri bolar. Şeýle-de, olar öz derňewleriniň üstünde işlemek üçin kitaphanalarda işlärler, Merkezi Aziýa programmamyzyň çärelerine gatnaşarlar.
Şeýle-de olaryň Birleşen Ştatlaryna gelmekleri üçin ýol we wiza çykdajylary programmamyz tarapyndan tölenýär. Studentler Waşingtona gelensoň, olara her aýda 3 müň amerikan dollary möçberinde stipendiýa berilýär.