Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda serhet güýçleriniň maddy-tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak meselesine uns berildi.
Türkmenistanyň prezidenti ýurduň serhetçileriniň “hüşgärlik” bilen gulluk edýändigini belledi we serhet goşunlarynyň maddy-tehniki üpjünçiliginiň döwrebap bolmagyna döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýändigini aýtdy.
Emma ýurduň Owganystan bilen serhedindäki howpsuzlyk ýagdaýynyň maslahatda gozgalyp-gozgalmandygy resmi maglumatlarda agzalmady. Şol bir wagtda-da Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetdeş demirgazyk böleklerinde “Talybanyň” hüjümleriniň gün-günden güýçlenýändigi we bu ýerde ýaşaýan türkmenleriň hüjüm astynda galýandygy barada yzygiderli maglumat gowuşýar.
Azatlyk Radiosy türkmen-owgan serhediniň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesiniň aýrtynlyklary bilen gyzyklanyp, öz döwründe sowet goşunlarynyň hatarynda Owganystanda gulluk eden türkmen parlamentiniň öňki deputaty Halmyrat Söýünow bilen söhbetdeşlik geçirdi.