Demirgazyk Owganystanyň Farýab we Jowuzjan welaýatlarynda talyp jeňçilerinň sanynyň artýandygy barada maglumatlar gelip gowuşýar. Hususan-da, bu iki welaýatyň Türkmenistan bilen serhetleşýän ýerlerinde talyplaryň ýaragly hereketiniň güýçlüdigi aýdylýar.
Farýab welaýatynyň häkimi Muhammetulla Bataş serhet ýakasynda ýerleşen Gaýsar we Gormaç etraplarynyň talyp söweşijileriniň kontrollygyna geçmeginiň mümkindigini duýdurýar.
Türkmenleriň köplükde ýaşaýan Jowuzjan welaýatynda hem talyp güýçleri artýar. Bu welaýatyň Akja etrabynyň häkimi, käri boýunça injener Ahmet talyp jeňçileriniň öňüni almagyň başartmaýandygyny Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýan etdi:
– Owganystanyň demirgazygynda talyplar günbe-günden köpelip barýar – diýip, ol talyp jeňçileriniň Türkmenistana-da wehim salmagynyň ahmaldygy barada şeýle gürrüň berdi: – Bu bolup biler. Eger bu ýerde güýji köpeliberse, o çete hem munuň täsiri ýeter. Çünki bular üçin serhet ýok. Gijeläp serhetden ötüp bilerler.
Akja etrabynyň häkimi, muňa garamazdan, bu regionda howpsuzlyk meselesi bilen bagly Türkmenistanyň ýerli owgan resmileri bilen henize çenli hyzmatdaşlyk etmeýändigini aýdýar.
Demirgazyk Owganystanda talyp söweşijilerine garşy göreşmek üçin öňki türkmen meýdan komandirleri ýaragly topar döretdiler. Ady agzalan häkim Türkmenistanyň olara goldaw bermelidigini aýdýar. Sebäbi, ýerli häkim Ahmediň sözlerine görä, türkmen ýaragly toparlary Owganystan tarapdan Türkmenistanyň döwlet serhedini goramaga-da taýyn:
– Eger edip bilse, Türkmenistan şulara maddy kömek etsedi.
Owgan türkmenleriniň il ýaşulularyndan biri hajy Mustak baýyň aýtmagyna görä, Jowuzjan welaýatynda jeňçiler döwlet edralaryna hüjüm edýär. Talyp jeňçileriniň arasynda ýerli ýaşaýjylaram bar.
– Olaram biziň öz birek-biregimiz, talyp bolup ýörenleriň köpräjigi öz kowumlarymyzdan. Bilmedim men, “Keýigiň ýatyşyndan, ýa mergeniň atyşyndan” diýipdirler, bu tarapda bir gep-ä bar. Bolmasa, olaram bir keseki däl. Şu pille ölýän-öldürýän, ikisem özlerimiz bolup otyrys. – Hajy Mustak baý talyp jeňçileri Türkmenistana zyýan ýetirmez diýip umyt bildirýär. – Ýok, talyplaryňam akyly-pikiri bardyr. Türkmenistana garşy hüjüm etjek bolsa, ony ne wyždan, ne iman, hiç bir zat kabul etmez. Bu öz düşünjäm. Men talyp bolsam, Türkmenistana garşy hüjüm etmen. Olary närazy-da etmen.
Owganystan tarapdan Türkmenistana howp abanmagyna owgan türkmenleriniň ýol bermejekdigini hajy Mustak baý şeýle nygtaýar:
– Eger elden gelse, muňa asla ýol bermeris. Türkmen ýaşulularymyz bolup, hemmämiz bolup, oňa biziň elimizden gelse, gelerem enşalla. Oňa asla ýol bermeris. Ony iman-wyždanymyz kabulam etmez. Türkmenistan öz kowmumyz, ol ýerde meniň agam, inim – bary Lebapda. Ilimiz bir, aslymyz bir, neslimiz bir, kyblamyz bir, Hudaýymyz, pygamberimiz bir. Şu döwre çenli ýagşylyk eden bolaýmasa, ýamanlygy ýok Türkmenistanyň. Dilimiz bilen bolsun, güýjümiz bilen bolsun, elimizden gelen ýardam-kömegi görkezmeli. Olam biziň öz Watanymyz, öz Türkmenistanymyz.