Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň geçen hepde bolan mejlisinde ýene bir gezek ýurtdaky ýollaryň gurluşygy, gurulýan ýollaryň hili barada gürrüň edildi.
Resmi habarlardan çen tutulsa, Türkmenistanda awtomobil ýollarynyň gurluşygyna uly serişde harçlanýar. Emma ýurtda welaýat, etrap aralaryndaky ýollaryň juda ýaramazdygy barada habarlar gelip gowuşýar.
Azatlyk Radiosy bu ýagdaýyň sebäpleri bilen gyzyklanyp, ýerli synçy, ozalky transport işgäri Nurberdi Nurmämmedow bilen söhbetdeş boldy.