Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝOJ "buýurma" boýunça pula tabşyrylýar


Gazagystanly ýaşlar.
Gazagystanly ýaşlar.
Gazagystanda orta mekdepleriň soňky synp okuwçylary ýokary okuw jaýyna girmek üçin uçurym bolanlarynda, ýurduň “Bütewi milli synagy” boýunça ekzamen tabşyrýarlar. Häzirki wagtda Gazagystanda bu synaglara uçurymlaryň deregine “hile bilen pul gazanýan ýörite adamlar” hem taýýarlyk görýärler.

Eýse, näme sebäpden gazak mekdepleriniň soňky synp okuwçylarynyň käbirleri gürrüňi edilýän bu ýörite adamlara ýüz tutýarlar?

Gazagystanyň Bilim ministrliginiň karary esasynda, ýurduň “Bütewi milli synagynyň” düzgünlerine görä, orta mekdepleriň uçurymlary synag geçirilýän auditoriýa girmezden öň, ýörite barlaglardan geçýärler. Ýöne her ýyl bu synaglaryň geçirilýän döwri mekdep okuwçylarynyň ýerine “ýörite adamlar” ekzamene girmegi başarýarlar. Netijede bu galplygyň garşysyna görülýän çäreler bu pudakdaky agzalýan problemany hemişelik çözüp bilmeýär.

Gazagystanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýan Ýyldyz (Ýulduz) mekdep okuwçylarynyň ýerine “Bütewi milli synaga” eýýäm üç sapar girendigini aýdýar. Ýyldyzyň sözlerine görä, “onuň üçin müşderi bilen puly gepleşilen baly, ýagny bahalary almak asla kyn däl. Onuň üçin “okuwçylaryň deregine test synaglaryna gatnaşmak endige öwrülipdir”.

“Pul aldym”

Gazak studenti Ýyldyz bu barada şeýle gürrüň berýär: “Mekdep okuwçylarynyň ýerine ýokary okuw jaýyna giriş ekzamenlerini tabşyrmaga meniň ýaly fizika-matematika fakultetiniň talyplary gatnaşýarlar. Men munuň üçin uly möçberdäki puly soramaýaryn. Okuwçylaryň berip biläýjek möçberdäki puly bilen ylalaşýaryn. Meselem, bir okuwçynyň ýerine ýokary okuw jaýyna giriş synaglaryny tabşyrsam, ondan bir ýarym müň dollar alýaryn. Gazak gyzlarynyň we oglanlarynyň daşky sypatlary biri-birine meňzeş. Giriş synaglaryna girýän müňlerçe uçurymyň arasyndan tanalman synag auditoriýasyna girse bolýar. Munuň üçin saçyň bejerimini ýa-da daşky keşbiňi üýtgetmek ýaly adaty emeller hem ýeterlik bolýar. Synag geçirilýän auditoriýa girmezden öň, gapyň öňünde barlag edýän adam bilen hem öňünden ylalaşýarys”.

Gazagystanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde mugallym bolup işleýän Diana hem talyp ýyllarynda, edil Ýyldyz ýaly, şu usul bilen uly möçberde pul gazanandygyny indi gynanç bilen gürrüň berýär: “Talyp ýyllarymda men diňe bir sapar başga bir adamyň ýerine synaga girdim. Bu mundan iki ýyl öňdi. Men bir tanşymyň ýerine ekzamene girmek üçin onuň bilen 70 müň gazak teňňesine [bu işi ýerine ýetirmegi] ylalaşdym we onuň üçin synagda ýokary bal aldym. Men mugallym bolanymdan soň, bilimsiz talyplary görüp, geçmişde eden şol hereketime örän ökünýärin”.

Gazak mugallymy Diananyň sözlerine görä, häzirki wagtda dowam edýän bu tendensiýa mekdeplerde ýeterlik bilimiň berilmeýändigini görkezýär.

Gazak “Bütewi milli synag” sistemasyndaky problemalary gozgaýan Gazagystanyň Milli tehniki uniwersitetiniň dosenti Dosaly Salkynbekiň sözlerine görä, gürrüňi edilýän synaglaryň maglumatlary “döwlet syrynyň” saklanylýan ýerine ýerleşdirileni bäri synag testlerinde bikanun ýollara baş goşmaklyk we daşardan başga adamyň synaga girmegi azalypdyr.

“Uly jenaýat”

“Biziň ýaşlarymyz başga bir adamyň ýerine ekzamen tabşyrmagyň uly jenaýatdygyny bilenoklar. “Bütewi milli synaglary” geçirmezden öň biz düşündiriş işlerini geçirmeli” diýip, gazak dosenti Salkynbek aýdýar.

Gazagystanyň Atyrau şäherindäki Farizi Ongarsynow adyndaky orta mekdebiň 11-nji klasynyň okuwçysy Nurgül Kalimoldanyň sözlerine görä, ýurduň synag sistemasynda mekdep uçurymlaryny öz ýerine ekzamenlere girmek üçin başga bir adam tutmaga mejbur edýän kemçilikler bar. Žurnalist bolmagy arzuw edýän Nurgül özüniň matematikadan biliminiň gowşakdygyny aýdýar. Ol diňe şu sebäpden ýokary okuw jaýyna giriş synaglarynda balynyň pes bolmagyndan alada edýär.

“Eger mende şeýle mümkinçilik bolsa, men ýerime synag tabşyrmagy üçin gowy okaýan tanşymy tutardym. Sebäbi maňa gerek bolan ähli zat – grant. Men “Bütewi milli synaglaryň” adalatly geçiriljegine ynanamok” diýip, mekdep okuwçysy Nurgül agzalýan mesele boýunça öz pikirini beýan edýär.

Gazagystanyň “Bütewi milli synag” merkeziniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, gürrüňi edilýän bu synaglaryň geçirilýän jaýynyň gapysynda nätanyş adamlar tutulsa, olara garşy, bu merkeziň düzgünlerine laýyklykda, akt düzülýär. Tutulan şol nätanyş adam test synaglaryna goýberilmeýär. Şeýle-de, eger nätanyş adam test synaglarynyň geçirilýän zalynda tutulsa, oňa garşy hem akt düzülip, ol auditoriýadan kowulýar. Netijede onuň testi hem güýçsüz hasaplanylýar”.
XS
SM
MD
LG