Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Gelejek seniňki, şu günüme degme!"



Predrag Koraksiç Koraksyň "Goldaw" diýen karrikaturasy
Predrag Koraksiç Koraksyň "Goldaw" diýen karrikaturasy
Ýazyjy-şahyrlaryň degişmelerinden

Gamgyn hekaýa

Aşyr Nazarow Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan türkmen ýazyjylarynyň biridi. Otstawka çykan podpolkownikdi. Ol ýazylan kanunlary pugta berjaý edýärdi. Meselem, SSSR-iň Gimni radioda berlen wagty saçak başynda oturanam bolsa ör turup, ol tamamlanýança dim-dik (smirno) durýardy.

Bir gezek ýazyjy Berdinazar Hudaýnazarow SSSR-iň Gimni radioda berilýän wagty Aşyr aganyň ör turman, iş stolunyň başynda aglap oturanyny görýär.

Ol öz ýanyndan “Beý, Aşyr aga-da garraýar-ow, ýüregi ýukalypdyr” diýip, pikir öwürýär. Soň bolsa oňa:

“Aşyr aga, gamgyn bolmaň, Siz sowet adamyna nahsus şöhratly
durmüş ýoluny geçdiňiz!” diýip, göwünlik berýär.

Aşyr aga: "Ol şeýle, ýöne ýaňy bir hekaýa okadym. Mazmuny gussaly eken, şoňa bozulyp aglaýan" diýýär.

Aşyr aganyň okamak höwesiniň gazetdäki resmi habarlardan aňry geçmeýänini bilýän Berdinazar bu jogaba geň galyp, onuň haýsy hekaýany okandygy bilen gyzyklanýar.

Aşyr aga: - Hekaýa özümki. Hekaýada nemisler ýesir düşen esgeri atýar. Ýogsam esger “Nemis jan, meni atma, men oka bolmok” diýip ýalbarypdyram, Berdinazar jan? - diýip, aglamagyny dowam edipdir.

Gaýtarma

Eýran Yslam Respublikasy her ýyl aýotulla Homeýnyniň aradan çykan gününe bagyşlap, Ýatlama hepdeligini geçirýär. Oňa dünýä ýurtlaryndan myhmanlar-da çagyrylýar.

1992-nji ýylda şol çärä gatnaşmak üçin Türkmenistandan ýollanan Hökümet delegasiýasynyň düzüminde ýazyjylardan Hudaýberdi Durdyýew, Agageldi Allanazarow hem-de men bardym.

Tähranda bolýan günlerimiziň birinde Hudaýberdi Durdyýew “Ýaňy restoranda Hindistandan gelen delegasiýa bilen bir stoluň başynda oturyp naharlandym. Olaryň biri şeýle bir hor, şeýle bir hor, üstesine-de görmeksiz. Ýöne eliniň alty barmagyna lagl-göwher ýüzük dakynypdyr. Hor, görmeksiz adama owadan ýüzük gelişmejek eken” diýdi.

Agageldi Allanazarow “Beý, Hudaýberdi Durdyýewiç, gep salgyňdan ýaňky hindi biziň şahyrymyz Nobatguly Rejebowa meňzeş. Ikisi enebaşga dogan bolaýmasyn?” diýip, gürrüňe gapdalyndan gop, tow berdi.

Gören, geň-taň bolan ahwalatyny çyny bilen düşündirjek bolýan Hudaýberdi Durdyýewiç: - Nobatguly oň ýanynda gaýtarma ýaly görmegeý - diýdi.

Agageldi ol gürrüňi ýylmap, owadanlap külli Türkmenistana ýaýratdy. Şu günlerem Nobatguly hakda gürrüň edilse, “Hä, ol gaýtarma ýaly owadan şahyrmy?” diýýän bar.

Iki goçuň kellesi

SSSR döwri Berdi Kerbabaýew bilen Beki Seýtäkow diri klassyk hökmünde ykrar edilen ýazyjylardy. Ýöne Berdi aga “Kerwenbaşy”diýilýärdi.

Olar bir-biriniň şöhratyny gabanýardy. Çendan “Iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz” diýleni bolup, olar ilortalaýyn çaknyşýardy.

Bir gezek bir ýygnakda Beki aga “Goja, sen menden ýigrimi ýaş uly. Gepletseň “Ýaşlar, gelejek siziňki” diýýäň. Iş ýüzünde welin öňümize böwet basýaň” diýip, çykyşetdi.

Berdi aga kiçijek murtuny ýeserlik bilen sypap: - Beki, sag bol, sözümi ýoýman aýtdyň! Gelejek seniňki, ýöne şu günüme degme! - diýdi.

Toplan Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG