Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ne bela sen, adamzat…"


Şiraly Nurmyrat (arkada), ýazyjy Çary Aşyr (çepde) we artist Artyk Jally (Arhiw suraty)
Şiraly Nurmyrat (arkada), ýazyjy Çary Aşyr (çepde) we artist Artyk Jally (Arhiw suraty)
Ýaşlyk

Ömür daragtynyň gymmat şahasy…
Arman-arman, giç bilinýä bahasy!

Ýyldyz süýnen kibi tiz geçýä ýaşlyk.
Bizem öz wagtynda juwandyk, ýaşdyk.

Süýjülik suwy deý paýlap bal güni,
Bizem apalapdy ýaşlyk ýelgini.

Tawus guş dek owadandy o ýyllar…
Wah, baky däl eken bigam oýunlar!

Soň düşündik - zat ýok eken hasapsyz,
Alma ýere düşmez eken azapsyz.

Gyşyk basanyňy ýaşlykdan görme,
At jylawun özgäň eline berme.

Ýeňip bolar garyplygy, açlygy,
Diňe yza dolap bolmaz ýaşlygy!


"Ne bela sen, adamzat…"

Başga jandar barmy adamlar ýaly?
Diňe özi üçin gurlan mysaly,

Şat gününde werziş gyşyk basmana,
Kyn gününde elin serjek asmana.

Durmuş mejbur etse paç tölemäge,
Taýyn Taňrydanam öýkelemäge.

Elin sowuk suwa urmazdan -- ýatar,
Bar zady pelegiň üstüne atar.

Özünde jinnek deý günä goýjak däl,
Aýna bakyp, öz keşbinden doýjak däl.

Emma ol bişmedik miwäni ýolmaz,
Tutuş adamzady garalap bolmaz.

Hernä aklar artygrakdyr garadan,
Öz işinden razy gerek Ýaradan.

Ondan biidin ölüm jandan ganmandyr…
Hakm-u-nähak -- o-da bize galmandyr.

2012, Horwatiýa
XS
SM
MD
LG